20:30 "Iñ gowy günlerim şeýle gün bolar..." | |
"IÑ GOWY GÜNLERIM ŞEÝLE GÜN BOLAR..."
Iň gowy günlerim şeýle gün bolar - Ýetimiň başyny sypalan günüm, Sogabym agralyp, günämi ýuwar, Öňküsine görä uzalar ömrüm. Iň bagtly günlerim şeýle gün bolar - Söýgimi saýalap maşgala gursam, Ýüregimde gelnim, kalbymda dinim, Gujagymda bolsa çagalam bolsa. Iň buýsançly günüm şeýle gün bolar - Ýyllar bir-birine seplenip geçse, Dünýäde ýetmedik arzuwlaryma Uly ynam bilen çagalam ýetse. Iň sowuk günlerim şeýle gün bolar - Terk etse dünýäni enem hem atam... Meň ahymdan mümkin dowzah hem sowar, Şeýle gün dogmasyn, bolmasyn, Allam! Iň dowamly günüm şeýle gün bolar - Bir gün ajal gelse, Gün ýaly batsam, Razy bolup ykbalymdan, ömrümden, Şu toprakda süýnüp, arkaýyn ýatsam. | |
|
√ Päliýamanlar / Goşgular - 20.05.2024 |
√ Soltan / Goşgular - 27.03.2024 |
√ Alabahar / Goşgular - 21.03.2024 |
√ Günüñ monology / Goşgular - 01.01.2024 |
√ "Ulag gidip barýar..." / Goşgular - 28.04.2024 |
√ «Превратила всё в шутку сначала…» / Goşgular - 29.02.2024 |
√ Ata-ene hakynda / Goşgular - 18.05.2024 |
√ Estagfurullaly bentler / Goşgular - 14.02.2024 |
√ Mürze ýigit / Goşgular - 12.03.2024 |
√ Ajap ýaýlam / Goşgular - 15.05.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |