19:44 Aglama, ýürek, aglama! | |
AGLAMA, ÝÜREK, AGLAMA!
Saňa ot salan aglasyn, Aglama, ýürek, aglama! Aglasa, galam aglasyn, Aglama, ýürek, aglama! Halys irdim puşmandan-a, Rehim bolmaz duşmandan-a, Köp arzuwlar paşmanda nä, Aglama, ýürek, aglama! Tutdy meni berke dagym, Bir sen ahyr arkadagym, Aglanyňdan, darka ýaryl, Aglama, ýürek, aglama! Çaltam urma, urma haýal, Gaýta giňe, gaýta goýal, Şir pisint aňryňdan uýal, Aglama, ýürek, aglama! Sähra-düzleriň haky üçin, Gözel gyzlaryň haky üçin, Dana sözleriň haky üçin, Aglama, ýürek, aglama! Meni ömür golda:n gelmez, Indi Jumasoltan gelmez, Diý gaýta, mert bol Italmaz, Aglama, ýürek, aglama! Italmaz AKMYRADOW. | |
|
√ Moskwadan görýärler / Goşgular - 30.01.2024 |
√ Ömrümiñ manysy bolmaly zenan / Goşgular - 05.02.2024 |
√ Alabahar / Goşgular - 21.03.2024 |
√ Göreş / Goşgular - 11.02.2024 |
√ Täjir tanşyma / Goşgular - 16.01.2024 |
√ Puluň başarnygy barada agymtyl goşgy / Goşgular - 10.01.2024 |
√ Mähremlikden nyşan sen... / Goşgular - 08.05.2024 |
√ "Gitdim senden ilerledip ümzügi..." / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Perişan kalbyñ umydy / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Ajap ýaýlam / Goşgular - 15.05.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |