22:49 Ahwal | |
AHWAL
Maňa bulgur beriň! Şerap äberiň! Püre-pürläp “ot bereýin” içime. Serhoş bolup guduzlaýyn, Ha:tamça Bar-ýogumy eçileýin geçene. Eçileýin gözümi, Eçileýin sözümi, Eçileýin ýaşalmadyk ýaşymdan, Ýüregimiň abat galan ýerlerin... Barjasyny dumly-duşa paýlaýyn, Soň açylyp, erkeklerçe “ses edip”, Umytlarmy jaýlaýyn... A soň gideýin-de, aldawaç dünýäň A:ly hakda hat ýazaýyn atama. Üşeden panydan gaçyp, dowzahda Hezil edip çoýunaýyn hatama... 11.04.2023 ý. Sapa HOMMADOW. | |
|
√ Konfusiý / Goşgular - 13.05.2024 |
√ Aýandyr bary / Goşgular - 17.05.2024 |
√ Darkaşnama / Goşgular - 28.05.2024 |
√ Siziñki / Goşgular - 30.01.2024 |
√ Tumar / Goşgular - 24.05.2024 |
√ «Отвергнув гордое сомненье…» / Goşgular - 29.02.2024 |
√ Kyrk ýaşa ýüzlenme / Goşgular - 03.02.2024 |
√ Şäher merine / Goşgular - 12.05.2024 |
√ Ýogaldy / Goşgular - 05.05.2024 |
√ Aldawçynyñ pañ-pañy / Goşgular - 18.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |