08:55 Ak bedewli Arkadag | |
Ak bedewli Arkadag
Üsti tagty Süleýmandan zyýada, Bedewde mähriban Arkadag otyr, Kalbyny besleýip arzuw hyýala, Akhanda mähriban Arkadag otyr, Bagtyýar döwrümiň galkyşy kibi, Bedew hem kişňeýip galýar asmana, Ylla, Ýaradanyň alkyşy kibi, Halkym atyn deňeýändir ynsana, Elinde jylawyn ynamly tutup, Galkyp barýar ak bedewli ganatly, Ýollary külterläp, menzili ötüp, Barýar, Arkadagym Hakdan halatly, Arkadag egniňe akja guş bolup, Gonupdyr päkize ak bagt mysaly, Bu gün bedew waspy jahana dolup, Amal etdiň Pyragynyň wysalyn, Mirasyn sarpalap, Watanyn söýüp, Milli Lider halkyn bagta ýetirýär, Berkarar döwletiň eşretin duýup, Bedew bady päk geljege atarýar. | |
|
√ Mürze ýigit / Goşgular - 12.03.2024 |
√ Жизнь / Goşgular - 29.02.2024 |
√ Perişan kalbyñ umydy / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Konfusiý / Goşgular - 13.05.2024 |
√ Hakyky şahyr / Goşgular - 08.05.2024 |
√ Tilki bilen üzüm / basnýa / Goşgular - 10.01.2024 |
√ Kyrk ýaşa ýeteniñde / Goşgular - 03.02.2024 |
√ Gowy görülen goşgy / Goşgular - 05.01.2024 |
√ Çarwa arabyñ söýgüsi / Goşgular - 10.02.2024 |
√ Ajap ýaýlam / Goşgular - 15.05.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||