ARZUW
Tüweleme,
Öwrenipsiň gülmegi.
Lak ataýsak ýylgyrýarsyň, gülýärsiň.
Adam arzuw bilen ýaşaýar oglum,
Nesip bolsa jedirdärsiň, gürlärsiň,
Şonsa seniň bilen uly adam deýin,
Gürleşeýin hem guwanyp boýuňa
Seniň bilen çagalygma gideýin.
Men seni dünýäme aýlajak oglum,
Başarsam, dünýänem aýlajak, emma...
Öz dünýäňi özüň saýlajak bolgun!
Beýle bagt ýetdirip durmaýar hemmä.
Adam arzuw bilen ýaşaýar oglum,
Şowlulyk ýaranyň bolsun-da hernä...
▶ SENIŇ YŞKYŇDA
Tylla seniň yşkyňda...
B.Seýtäkow.
Ele alyp dutary goşmasam-da heňe men,
Saýlap sözleň içinden, ýazdym seniň yşkyňda.
Seni Tylla, Altyna ýa Kümüşe deňemen,
Sada keşbiň ýada salyp, ýandym, seniň yşkyňda.
Sözlerim saýrar durar, setirlermiň sazy sen.
Bilbil men gül yşkynda, ýaşlygymyň ýazy sen.
Peri-peýker hüýr däl-de, öýňüziň şagyzy sen.
Mukaddesdir elmydama ýandym, seniň yşkyňda...
Sanjar ATAÝEW.