19:56 Awtobusly göwün giñeme | |
AWTOBUSLY GÖWÜN GIÑEME...
Talyplygyň baş ulagy – awtobus, Şu gün ýene mündüm onuň biline. Bagtyma adamam azyrak eken, Ornaşdym men boş orunlaň birine. Oturjagam däldim, Alajym ýokdy, Halys sykýar okuw diýilýän zadam. Iýunyň jöwzasam gowuryp barýar, Aý, gepiň külesi, ýadawdym, Ýadaw. Otyryn, Awtobus duralga ýetýär, Goşhaltasyn süýräp münýär bir adam. Ýer beremok. Asla berjegem däl men, O ýadawdyr. A men ondanam ýadaw. Indikide münýär çal saçly ene, Durmuşyň ajysyn-süýjüsin dadan. Onam görmezlige salyp otyryn, Ýogsam ýer bermeli, Ýadaw men, Ýadaw. Ýyldyzlaň jorasy bir gözel münýär, Gözel diýseň gözel, Tüýs, perizad-ow! Başga wagt gaşymdan ýer bererdim, Häzir weli gaty ýadaw men, Ýadaw. Gidip barýan ýerimem bir uzak meň, Bu uly şäheriň aňry çeti. Yzyma-da awtobusly gaýtmaly, Ahwalyma, siz, düşüniň ahbeti! Ýöne kem-kem gaçyp barýar ysgynym, Argynlyk has beter basýar bir hili. Hamana, Şu duranlaryň barynyň Dik durmagna özüm günäkär ýaly. Arkamda “ah” çekýär hälki ýaşuly, Gapdalymda bolda çal saçly ene, Gaşymda-da “ýyldyzlaryň jorasy” Birhili naýynjar seredýär maňa. Meniňki bolmady. Böküp turdum-da, Öz ornumy berdim dik duran enä. Ene ornaşansoň meniň ornumda Ähli ýadawlygym syryldy hernä! Ine, indi menem aýakda durun, Awtobusdakylaň köpüsi ýaly. Indi ýaňky ýadawlydam ýok mende, Özümem ýeňiljek duýýan birhili. Şeýdip, men-ä şu gün göz görendirin, Çeniňi bilmezlik güzap ekeni. Otyrkam, gerşimden basyp duranam Tas, ýatdan çykarlan ynsap ekeni. Ýer berdim. Köplerden ýylgyryş aldym, Şeýdip men birdenkä köp zatly boldum. Ýöne esasy zat: Sähel şarpykdan, Ýene öňkim deýin YNSAPLY boldum. Agageldi ITALMAZOW. | |
|
√ Göreş / Goşgular - 11.02.2024 |
√ Atsyz goşgy / Goşgular - 31.01.2024 |
√ Ajap ýaýlam / Goşgular - 15.05.2024 |
√ Yzany yşkyma ýamag etdim / Goşgular - 15.04.2024 |
√ Puluň başarnygy barada agymtyl goşgy / Goşgular - 10.01.2024 |
√ Täjir tanşyma / Goşgular - 16.01.2024 |
√ Owadan pyçak hakynda erteki / Goşgular - 09.04.2024 |
√ Garyp köñlümiñ soltany / Goşgular - 21.02.2024 |
√ Ak buýnuzly ak maral / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Rubagylar / Goşgular - 13.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |