20:24 Aý tutulmasy | |
AÝ TUTULMASY
Gülkilerim bar gözýaşly, Agymda bar ýylgyryş. Ýüregim—daş, berdaşly, Göwnümde bar ýygralyk. Ruhumda aýralyk bar, Bedenimde yzalar, Duýgularym—terkidünýä, Umydym her gün azalar. Azaşan hyýallarym bar, Al asmana uçup barýan hemem bir egoist bar, Bu dünýeden göçüp barýan. *** Men Aýa juda meňzeş, Ýeke-ýalňyzlygym bilen, Her kime alyslygym bilen, Agraslygym bilen, Ýeňlesligim bilen, Ýylgyrşym bilen, Ol ýylgyrşyň arkasyna gizlenen tegmillerim bilen, Biraz men-menligim bilen, Men Aýa juda meňzeş, Garaňky dünýäm bilen, Ol tümligi ýagtyltýan şuglam bilen Men Aýa juda meňzeş, Güneşi ýitirmäm bilen, Zemine utulmam bilen, Tutulmam bilen... Biz birmenzeş aýry dünýä, Göýä... Ölerin men, Ölümimiz-de meňzeş bolar, Ruhum Aý deý tutular we täzeden dogar, Bedenimi zemine gurban ederin hem gara ýorganyn ýapyp üstüme, Baky uka giderin! | |
|
√ Mürze ýigit / Goşgular - 12.03.2024 |
√ "Ulag gidip barýar..." / Goşgular - 28.04.2024 |
√ Was-wasylara... / Goşgular - 23.01.2024 |
√ Owadan pyçak hakynda erteki / Goşgular - 09.04.2024 |
√ Tilki bilen üzüm / basnýa / Goşgular - 10.01.2024 |
√ Alla dälmidir / Goşgular - 16.05.2024 |
√ Nar / Goşgular - 22.04.2024 |
√ Жизнь / Goşgular - 29.02.2024 |
√ Geçmişden bir ahwal ýa-da Sanjar hekaýaty / Goşgular - 17.05.2024 |
√ Sumbaryñ kenarynda / Goşgular - 01.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |