14:48 Bagtyň bolsun mensiz | |
BAGTYÑ BOLSUN MENSIZ
Şondan soň aýryldyk, görmedik asla, Ne-de sen hakynda ýatlandy gaýdyp. Güneşe suw sepip sowatjak bolduk, Isledik aýrylmak ýalňyzja galyp. Seni dünýämden kowdum düýpleýin, Ýeke ýatlamada galmady mende. Biz hamala söýgä düşünen däl-de Aýrylmagy islän ýalydyk munda. Ýyllar geçdi, undulypdy geçmişim, Senli sahypalam ýyrtylan ýaly. Emma seniň bir gün özgäni söýüp, Gidýäniňe ruhum köýüpdi saly. Wepasyz duýgyny çykaryp bilmän, Aklymdan hiç hili gitmediň kemsiz. Aýtmak agyr boldy arzuwy ýene: "Bolýan bolsa bolsun - BAGTLY MENSIZ". ✍ Amangözel GURBANOWA. | |
|
√ Gowy görülen goşgy / Goşgular - 05.01.2024 |
√ Şemally gün / Goşgular - 27.01.2024 |
√ At galar / Goşgular - 11.02.2024 |
√ Sokrat / Goşgular - 16.05.2024 |
√ Suwdan ot çykaran goşgy / Goşgular - 31.01.2024 |
√ Ýagyş damjasy / Goşgular - 24.03.2024 |
√ Mähremlikden nyşan sen... / Goşgular - 08.05.2024 |
√ Meniñ monologym / Goşgular - 01.01.2024 |
√ "Gelin jan..." / Goşgular - 26.03.2024 |
√ Owadan pyçak hakynda erteki / Goşgular - 09.04.2024 |
Teswirleriň ählisi: 3 | ||||
| ||||