14:04 Bagyşla meni | |
Oguljemal ÇARYÝEWA.
▶ Bagyşla meni Sen meni bagyşla, ýokdur ygtybar, Bu uzyn ýoluňy kesmänim bolsun! Mertebe köşgünde orun tagty bar, Şekerlerim seňki - pespälim bolsun! Ähli zatlar aýdyň, seredýän daşym, Hözirin görmedim, eý däli başym! Kalbymda pynhanym - Zümerret daşym, Mawy reňkiň meniň asmanym bolsun! Bu gyş güni mähir salman saýasyn, Garaşanym göçürip ýör haýatym. Gaýgy-gamlar boldy ýowuz saýýatym, Umytly ýollardan tesmänim bolsun! Dogruçyllyk gowy, wakalar anyk, Nesibe çöregmiň ýüzleri ýanyk. Meni oda salan bu haýsy gylyk, Dilegim, ykbalyň has maýyl bolsun! Utanç-haýam geliň, meni çybykla, Duýgularym gitsin menden ygyplar. Gözüme bak, indi ondan çyg gitmez, Bozulsaň, bu goşgym desmalyň bolsun! | |
|
√ Suwdan ot çykaran goşgy / Goşgular - 31.01.2024 |
√ Tazy / Goşgular - 30.01.2024 |
√ Sokrat / Goşgular - 16.05.2024 |
√ Alla dälmidir / Goşgular - 16.05.2024 |
√ Garyp köñlümiñ soltany / Goşgular - 21.02.2024 |
√ "At bilen kowalap gördüler ony..." / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Ýogaldy / Goşgular - 05.05.2024 |
√ Käbir aýallara melek diýýäñiz / Goşgular - 04.02.2024 |
√ Kyrk ýaşa ýeteniñde / Goşgular - 03.02.2024 |
√ Mürze ýigit / Goşgular - 12.03.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |