19:28 Balkanyñ | |
BALKANYŃ
Bahry-Hazarymdan Arkaja çenli, Giñdir ýaýlalary, düzi Balkanyñ. Halky mylakatly, açyk göwünli, El-kyblaýa tarap ýüzi Balkanyñ. Gujagynda ýatyr Bahry-Hazarym, Huzyryna çekip hemmäñ nazaryn. Tä ömrüm ötünçä waspyñ ýazaryn, Sözlese şirindir sözi Balkanyñ. Müñ magdanly Garabogaz aýlagy, Dünýä gören däldir şeýle baýlygy. Çekişleriñ işbil, bekre balygy, Buýsanjydyr, görer gözi Balkanyñ. Topragy altynly, nebitli, gazly, Lälezar açylýan baharly ýazly. Baýram şahyr, Nurberdi Gul owazly, Molla Çäkli, Aşyrmämmet owazly, Tuwakmyrat, Mähri, Leýla owazly, Ile meşhur aýdym-sazy Balkanyñ. Ýeri keramatly, hem sahawatly, Injir, nar, zeýtunly, miwesi datly. Hekim Işan deýin gujur-gaýratly, Ýigitler ösdürýän özi Balkanyñ. Dehistan getirer täze saýany, Ata-babalarmyñ gadym mekany. Beýik Magtymgulyñ dogan okany, Bagtyýardyr ogul-gyzy Balkanyñ, Halaldyr çöregi, duzy Balkanyñ. Anna KOWUSOW, Türkmenistanyñ halk ýazyjysy. | |
|
√ Gowy görülen goşgy / Goşgular - 05.01.2024 |
√ Ak buýnuzly ak maral / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Erjellik / Goşgular - 05.01.2024 |
√ Kyrk ýaşa ýeteniñde / Goşgular - 03.02.2024 |
√ At galar / Goşgular - 11.02.2024 |
√ Ýolbars we Möjek / basnýa / Goşgular - 05.01.2024 |
√ Käbir aýallara melek diýýäñiz / Goşgular - 04.02.2024 |
√ "Gitdim senden ilerledip ümzügi..." / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Nädip ýaşamaly?! / Goşgular - 13.01.2024 |
√ Hasap / Goşgular - 18.02.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |