09:58 "Başyňy belent tut..." | |
“BAŞYŇY BELENT TUT...”
Başyňy belent tut, giň bol, Allaýar! Şeýle ýaşap ötüp gitdi pederiň. Ýöne diýmen “munda gorkman ýaşadym”, Namartlardan az bolmady hederim. Haýsy döwürlerde bolmandy bular? Eýsem kim çekmedi ezýet şolardan? Bir kişide gördüm Eflatun aklyn, Birisiniň zulumy kän şalardan. Dilegçi bolmadym, Hudaýa şükür! Ýöne dilänimde saglyk diledim. Ömrüme nur aýdan sözi atamyň, Men hemişe onuň bilen biledim. Başyňy belent tut, giň bol, Allaýar! Şeýle ýaşap ötüp gitdi pederiň. Ýöne diýmen “munda gorkman ýaşadym”, Namartlardan az bolmady hederim... Allaýar ÇÜRIÝEW. | |
|
√ Goltugy daşly adam / Goşgular - 05.01.2024 |
√ Damak belasy... / Goşgular - 22.05.2024 |
√ Garaş maňa / Goşgular - 17.02.2024 |
√ Perişan kalbyñ umydy / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Nar / Goşgular - 22.04.2024 |
√ Şäher merine / Goşgular - 12.05.2024 |
√ Estagfurullaly bentler / Goşgular - 14.02.2024 |
√ Moskwadan görýärler / Goşgular - 30.01.2024 |
√ Aşgabat / Goşgular - 29.05.2024 |
√ Lenç edilen nakyl / Goşgular - 05.02.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |