18:39 Bentler | |
BENTLER
Bilner, ahyr biliner, Eder bu ýol öwrümi! - Bilnende nä, kül kimin Sowurañsoñ ömrüñi. * * * Wah, şeýle bir ýadadym, Boş küýzeleñ heñinden. Ol elmydam kadaly, Hüñüläp dur deñimde. Ylgaýaryn - galanok, Derýa atsam dolanok. * * * Oñarmadyk işiñi Özgelerden görmäñ näme?! Munyñ merdiñ işimi, - Ýoluma daş örmäñ nä? Men barybir geçerin, Öwrüm edip, ýa böküp, Ýa guş bolup uçaryn. Men barybir geçerin! * * * Dury gözüñ öñünde Dünýäñ ýüzi ak ýaly. Ýamanlaryñ göwnüne Düzüw adam ýok ýaly. Gözel ŞAGULYÝEWA. "Tokmak" žurnaly, 1991 ý. | |
|
√ Lenç edilen nakyl / Goşgular - 05.02.2024 |
√ Puluň başarnygy barada agymtyl goşgy / Goşgular - 10.01.2024 |
√ Nebsin neýleýen / Goşgular - 08.06.2024 |
√ Mekanyna gideli / Goşgular - 05.06.2024 |
√ Ajap ýaýlam / Goşgular - 15.05.2024 |
√ Nädip ýaşamaly?! / Goşgular - 13.01.2024 |
√ Pöwrizä / Goşgular - 27.05.2024 |
√ Kyrk ýaşa ýeteniñde / Goşgular - 03.02.2024 |
√ Ak buýnuzly ak maral / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Atsyz goşgy / Goşgular - 31.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |