15:35 Bilinmeli hakykat | |
"Watan" diyip, jigerini daglana,
"Watan" diýip, bagryn ýakyp aglana Watan hić bir zady berenok peşgeş. Akylyñ goýalyp, muny añarsyñ, Añarsyñ alañsoñ ýürek agyrsyn. Sen_ Watanyñ ogly, Watan_señ atañ! Watan seniñ joşan kalbyñ karary, Watanyñ õñünde bolmaz hiç hatañ! Ýüregiñ õýjügine siñdirersiñ sen, Watana ýapyşjak bolýan garany, Ykbalyñy sen õmürlik baglarsyñ Õz wepañdan õzüñ tapyp teselli, Aglany diñdirip, õzüñ aglarsyñ Oñ derdini alyp borsuñ keselli. Watan razy bolsa gerçek merdinden, Enäñ gõzlerinde duşup şatlyga Sen şatlyk taparsyñ çekýän derdiñden. Geliñ, boýun alyñ, Biziñ durmuşymyz aýdym däl diñe, Gygyryp ýõrer ýaly zowwamdan-zowwam. Watanyñ has ýagty geljegi üçin Ýeñişli ýolumyz edýärkä dowam, Känkä entek-entek dünýä ýüzünde Çõzülmesi çetin müñlerçe sowal, Gerekmikä bagtdan çaksyz melullyk, Bar wagty dünýäde entek melgunlyk, Ýok entek-entekler esger bolmaly, Bilegñe, biliñe, baldyrlaryña, Beýniñe mazaly agram salmaly. Watan hiç bir zady berenok wada, Ýõne Watan diýse, Diýse eger: "Ur sen õzüñi oda", Sen õzüñi ýakyp, Õmrüñi ýakyp, Bu eziz Watanyñ ynamyn õde, Bu Watan ogluna ýeke-täk kada! Ýene-de bir zady sal mydam ýada, Õz bähbidiñ üçin Watanyñ adyn Ulanmaga eger ýok seniñ hakyñ. Õz borjuñy berjaý edeniñ üćin Saña diñe bir zat berýändir Watan: Rahatlyk berýär iñ soñky demde Gõwüñe giñlik berýär iñ soñky ýola gideñde. Orazguly Annaýew Türkmenistanyñ halk ýazyjysy | |
|
√ "Ulag gidip barýar..." / Goşgular - 28.04.2024 |
√ Ajap ýaýlam / Goşgular - 15.05.2024 |
√ Eýdip-beýdip... / edebi ýaňsylama / Goşgular - 12.01.2024 |
√ Tilki bilen üzüm / basnýa / Goşgular - 10.01.2024 |
√ «Превратила всё в шутку сначала…» / Goşgular - 29.02.2024 |
√ Perişan kalbyñ umydy / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Dostluk hakda / Goşgular - 18.02.2024 |
√ Sowuk söz / Goşgular - 31.01.2024 |
√ Soltan / Goşgular - 27.03.2024 |
√ Kyrk ýaşa ýeteniñde / Goşgular - 03.02.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |