07:54 Bill Geýts: Geçen ýylyñ iñ gowy kitaplary | |
Bill Geýts: geçen ýylyň iň gowy kitaplary
«Microsoft»-yň esaslandyryjysy Bill Geýts öz saýtynda 2018-nji ýylda göwnünden turan bäş sany kitaby mälim etdi. Bu reýtingde çeper eserler ýok. Geýts, ilkinji nobatda, öz durmuşy barada gürrüň berýän taryhçy Tara Westoweriň «Bilim» («Educated») atly ýatlamalar kitabyny okamagy maslahat berýär. Bu kitapda amerikan zenanynyň ene-atasynyň ynanç-ygtykatlaryna garamazdan, Kembrij uniwersitetinde filosofiýadan bilim alşy barada gyzykly gürrüňler berilýär. Sanawyň ikinji ornunda Pol Şerreniň «Hiç kimiň ýygyny däl» («Army Of None») eseri bar. Şeýle hem ol žurnalist Jon Karreýrunyň «Erbet hun» («Bad Blood») atly eserini okamagy ündeýär. Kitap «Theranos» kompaniýasynyň esaslandyryjysy, amerikan işewüri Elizabet Holmsa bagyşlanýar. Geýtsiň sanawynyň üçünji ornunda Ýuwal Noý Harariniň «XXI asyr üçin 21 sapak» («21 Lessons For The 21st Century») atly kitaby bolup, bu kitabyň häzirki zaman dünýäsiniň gurluşyndan kämil baş çykarmaga ýardam berjekdigi aýdylýar. Bill Geýtsiň göwnünden turan eserleriň arasynda Endi Puddikombyň «Meditasiýa we akyl ýetirmekde ýol görkeziji» («The Headspace Guide To Meditation And Mindfulness») atly kitaby bäşinji orny eýeleýär. Awtor özüniň bu kitabynda ýagşy dilegde bolmagyň syry barada oňat pikirleri orta atýar. Internet maglumaty esasynda taýýarlandy. | |
|
√ Boş arzuwlar: Merkezi Aziýanyň Aral deňiz basseýnindäki suw we imperiýa - 31.01.2024 |
√ "Dežawýu": Menekşe Toprak Berlinde Suat Derwüşiñ yzyny yzlady - 30.03.2024 |
√ Kitap arakesmesi - 14.05.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |