08:13 Bilmedim... | |
BILMEDIM...
Göwnüm seniñ göwnüñden suw içdimi, bilmedim, Ýa näzijek kalbyña sygyşdymy, bilmedim Bu nämäniñ dostlugy, bu nämäniñ halaty, Gör, çarpaýa dik galan agzy gülli ak aty. Kalbym seniñ kalbyña sygyşarmy, bilmedim, Söýgümi bu ýazgylar, goşgularmy, bilmedim. Ýa täzeje dostlugyñ ýelginimi, badymy, Ýa-da ýanýan ýylgynyñ ýylysy ýok odumy?! Ýa-da Hasar dagynyñ kerkawynyñ közümi, Şibliñ ýandyran dagy meñ dünýämiñ özümi?! Sumbar deýin Etrege ýetmän orta ýollarda, Ýitjekdiñmi ýa senem, howur saçýan aýlarda?! Eý, Parhaýyñ kükürtli ýaşyl suwuna meñzän, Ýyllar boýy kalbymda kesmek atyp, iriñlän, Ýaramy sen ýuwañda tegmil galmajak ýaly, Men galaryn dünýäñde baky ölmejek ýaly. Has TÜRKMEN. | |
|
√ Çarwa arabyñ söýgüsi / Goşgular - 10.02.2024 |
√ Ynanarmykan? / Goşgular - 30.01.2024 |
√ Победителям / Goşgular - 29.02.2024 |
√ Är garrar... / Goşgular - 30.04.2024 |
√ At galar / Goşgular - 11.02.2024 |
√ Wiswisi lakamly obadaşymyň ömür beýany / Goşgular - 25.03.2024 |
√ "Bagşylara" / Goşgular - 07.02.2024 |
√ Gowy görülen goşgy / Goşgular - 05.01.2024 |
√ Meniñ monologym / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Sokrat / Goşgular - 16.05.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |