20:03 Bir halyfyñ Leýlä beren sowaly hem ondan alan jogaby hakynda hekaýat | |
Bir halyfyñ Leýlä beren sowaly hem ondan alan jogaby hakynda tymsal
Halyf Leýlä diýen: "Kaýsyñ sen diýip, Dagda, düzde entäp ýörmegi haýp. Men-ä bakyp seniñ görk-görmegñe, Geñ galýan oñ Mejnun bolup ýörmegne". Leýli oña beren şeýle jogaby: "Bilseñ, herki zadyñ bardyr sebäbi. Daşdan, içden känem bolsa synlaýan, Meniñ görküm diñe Mejnuna aýan. Şoñ boýnunda meñ yşkymyñ webaly, Bir şol maña iki dünýä wepaly. Kim-baý, kimler-döwüm nana zar bolar, Kimleñ gözi açyk, añy kör bolar. Kime akyl-paýhas-göwün hoşlugy, Kimler saýlap alar dälibaşlygy. Hakykat hemişe göýä bir çapar, Ynamy güýçlileñ gapysyn kakar. Öwrülip öz bähbidiniñ guluna, Guwanyp baýlygna-mal-u-puluna, Ýörenlere geñdir Mejnunyñ haly, Her kime dogrudyr öz saýlan ýoly. Kynçylykdan gorkup, añsada bakan Durmuşda ahyry utulýar eken. Synla gökde ganat gerýän bir guşy, Kölegesi - oñ ýerdäki görnüşi. Hiç many ýok guşuñ kölegesinde, Sen ony uzak gün kowalasañ-da, tutaryn diýp, asla etmegin hyýal, Çünki ol - kölege, guşuñ özi däl. Sen ony kowalap, bilmäñsoñ tutup, Öldürerin öýdýäñ ýaýdan ok atyp. Bir ok goýman, boşatsañ-da okdanda, Kölge - gaýyp bolar, guşam - asmanda. | |
|
√ Gije hem gündiz / Goşgular - 07.02.2024 |
√ Gökdepäm / Goşgular - 22.03.2024 |
√ Mürze ýigit / Goşgular - 12.03.2024 |
√ Hasap / Goşgular - 18.02.2024 |
√ Käbir aýallara melek diýýäñiz / Goşgular - 04.02.2024 |
√ Düýş hem ýagyş / Goşgular - 09.01.2024 |
√ Tazy / Goşgular - 30.01.2024 |
√ "Gelin jan..." / Goşgular - 26.03.2024 |
√ Ýogaldy / Goşgular - 05.05.2024 |
√ Ýasama gül / Goşgular - 15.05.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |