10:15 Bürgüt | |
BÜRGÜT
Göreý diýseň merdanalyk nusgasyn, Dagyň bürgüt atly boz guşun görüň; Alys sähralardan gözläp rysgalyn, Ýedi gat asmanda gaýyşyn görüň. Aw görse, asmanyň öwjüne baryp, Kuwwatyny ýygnap, göwresin düýrüp, Ýaý kimin ýazylyp, ok kimin süýnüp, Ýyldyryma dönüp inişin görüň. Peýkam yza dönmez, ýaýdan atylsa, Bürgüt awdan dänmez utsa-utulsa; Pursaty bolsa-da uçsa-gutulsa, Gurt bilen gidişip, alyşyn görüň. Garransoň ýaşamaz ejiz-naýynjar; Emma onda bolmaz awy ýa hanjar: “Meniň gaýalarym bar – diýip – ýylçyr”, Soňky sapar göge galyşyn görüň. Ýedi gat asmanyň öwjüne baryp, Ýaý kimin düýrügip, ok kimin süýnüp, Ýyldyrym dek gökden daglara inip, Bagryn daşa urup ölüşin görüň... | |
|
√ Rubagylar / Goşgular - 13.01.2024 |
√ Alla dälmidir / Goşgular - 16.05.2024 |
√ Kyrk ýaşa ýeteniñde / Goşgular - 03.02.2024 |
√ Was-wasylara... / Goşgular - 23.01.2024 |
√ Käbir aýallara melek diýýäñiz / Goşgular - 04.02.2024 |
√ Жизнь / Goşgular - 29.02.2024 |
√ Ýagyş damjasy / Goşgular - 24.03.2024 |
√ Salam, Türkmenistan! / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Şäher merine / Goşgular - 12.05.2024 |
√ Ajap ýaýlam / Goşgular - 15.05.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |