21:12 Çokunmak | |
ÇOKUNMAK
Günäleme meni, Gudraty güýçli, Hemem jeza berme, çokunýan saňa, Tüm zeminde hyjuw paýyma düşdi Hem abyrsyz söýgi girdi synama. Seň dirilik sözleň diňe azajyk Gelip meň kalbyma girýäni üçin, Akylymyň käte senden azaşyp, Başga ýerde ygyp ýörýäni üçin, Günäleme, dünýä dar bolýar maňa, Saňa baky baglanmakdan çekinýän. Kä ýülünmek üçin çokunman saňa, Eý Taňrym, men aýdymlara çokunýan. Ýöne bu ajaýyp alawy söndür -- Hemmäni bir demde ýakýan ýangyny. Ýüregimi sowuk bir daşa öwür, A:ç gözlem dünýäden bolman algyly, Meni aýdymlardan eýle sen halas. Ine, şonda, Taňrym, saňa döneýin Hem diňe çokunyp, edeýin yhlas. ✍Mihail LERMONTOW Rus dilinden terjime eden: Atamyrat ATABAÝEW. | |
|
√ Diýer sen / Goşgular - 24.05.2024 |
√ Ýagyş damjasy / Goşgular - 24.03.2024 |
√ Päliýamanlar / Goşgular - 20.05.2024 |
√ Salam, Türkmenistan! / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Ene hakynda / Goşgular - 28.05.2024 |
√ Sowuk söz / Goşgular - 31.01.2024 |
√ Günüñ monology / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Gowy görülen goşgy / Goşgular - 05.01.2024 |
√ Bir ýaşuly hakda / Goşgular - 21.05.2024 |
√ Garrylyk bazary / Goşgular - 24.05.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |