17:09 Dagly gyz | |
DAGLY GYZ
Beýan etsem dagly gyzyñ waspyny, Säher turar, zülpün darar dagly gyz. Kemerlere tylla güneş düşende, Şol güneşe salam berer dagly gyz. Bürgüt gonar gaýalaryñ döşüne, Gülüstan tahýany geýer başyna, Seÿkin basyp barsa çeşme başyna, Öz jemalyn özi görer dagly gyz. Säher şapagyna meñzär jemaly, Daglar arasynda tapdy kemaly, Zülpün oÿnar gara daglañ şemaly, Şemal saçyn dörtden örer dagly gyz. Daglarynyñ depesiniñ gary bar, Derelerniñ injiri bar, nary bar, Dagly ÿigdiñ dagly gyza zary bar, Dagly ýigde ogryn garar dagly gyz. Geldi BÄŞIÝEW. | |
|
√ Konfusiý / Goşgular - 13.05.2024 |
√ Siziñki / Goşgular - 30.01.2024 |
√ Was-wasylara... / Goşgular - 23.01.2024 |
√ "At bilen kowalap gördüler ony..." / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Kyrk ýaşa ýüzlenme / Goşgular - 03.02.2024 |
√ Garyp köñlümiñ soltany / Goşgular - 21.02.2024 |
√ Nokat / Goşgular - 28.01.2024 |
√ Perişan kalbyñ umydy / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Ömrümiñ manysy bolmaly zenan / Goşgular - 05.02.2024 |
√ Ýogaldy / Goşgular - 05.05.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |