14:09 Dünýä | |
DÜNÝÄ
(Magtymgulynyň äheňinde) Kimi soýup, kimiň gözün oýsaňam, Kimi ýakyp, ýa doňduryp goýsaňam, Bu gün bizden doýmasaňam, doýsaňam, Ýagşa tutaweri päli dünýä, heý. Gör, bu ömre düýşdir diýseň, düýşem däl, Ýalançy sen, çyndanam bu biçem däl. Entejikler etjek-goýjak işim kän, Egläweri munda häli dünýä, heý. Bu jahandan giden kän-de, gelen ýok, Şu mahalam, muny neçün bilen ýok? Tonna-tonna gant guýubam bolanok, Süýjüdip bir ajy käli dünýä, heý. Dert-aladaň gerdeniňde dag bolup durka çetin gezmek keýpi çag bolup. Düşnüşmek kyn seniň bilen sag bolup, Eý, däli dünýä heý, däli dünýä, heý... Annamuhammet KIRŞEN. | |
|
√ Жизнь / Goşgular - 29.02.2024 |
√ Gowy görülen goşgy / Goşgular - 05.01.2024 |
√ Nar / Goşgular - 22.04.2024 |
√ Lenç edilen nakyl / Goşgular - 05.02.2024 |
√ Sowuk söz / Goşgular - 31.01.2024 |
√ «Превратила всё в шутку сначала…» / Goşgular - 29.02.2024 |
√ Mürze ýigit / Goşgular - 12.03.2024 |
√ Sokrat / Goşgular - 16.05.2024 |
√ "Garrap ýörünmi ýa men..." / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Meniñ monologym / Goşgular - 01.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |