20:00 Duşuşyk yzasy | |
DUŞUŞYK YZASY
Bilýän, bizi ýene duşurar bir zat: Tötänlikmi ýa ýazgydy takdyryň. Şonda kalbyň iki damja ýaşyny Göze dözmän, ýene kalba akdyryn. Seň ýüzüňe bolsa gülüp bakaryn, Aýyp bolar, senem ony geňleseň: Men neýläýin, dünýäň ähli posasyn Seniň täk posaňa berip bilmesem?! Sen meni nämede günäläp bilseň, Oňa diňe özüň borsuň günäkär: Hem yşk berlen, hem yş görnen duýguda Ne ykrar edildim, ne boldum inkär. Tötänlikmi bulam Ýa-da täleýiň Bize dözjek aýralygnyň jezasy? Bilýän zadym: iki damja ýaş bolar Seniň bilen duşuşmagmyň yzasy... ■ ŞERTLI SÖÝGI Söýgüde wada bolmaýar — Wadaly zat şöýgi däldir. Kasama salyp bolmaýan Duýgular hakyky päldir. Kasam etmersiň ejeňe, Çagaňa kasam etmersiň. Emma geçenňe, geljegňe Sen biperwaý seretmersiň. Duýgy gözleme seriňden — Hak ony kalba salandyr. Hak kelamy — ýüregiňde, Dile geçdigi — ýalandyr. Şertin bozup ölen ýokdur, Şertli söýgem — şöýgi däldir. Yşk ýa bardyr, ýa-da ýokdur, Söýmedikleň şerti kändir. Garaşma menden kasama, Wadalarma bolma maýyl — Söýüp bilemok ýasama, Men şertsiz söýmäge kaýyl. Çary ATAÝEW. | |
|
√ Meniñ monologym / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Lenç edilen nakyl / Goşgular - 05.02.2024 |
√ Garyp köñlümiñ soltany / Goşgular - 21.02.2024 |
√ Wiswisi lakamly obadaşymyň ömür beýany / Goşgular - 25.03.2024 |
√ "Gitdim senden ilerledip ümzügi..." / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Hakyky şahyr / Goşgular - 08.05.2024 |
√ Täjir tanşyma / Goşgular - 16.01.2024 |
√ Düýş hem ýagyş / Goşgular - 09.01.2024 |
√ "Gelin jan..." / Goşgular - 26.03.2024 |
√ Atsyz goşgy / Goşgular - 31.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |