09:22 Ene hakynda dürdäneler | |
ENE HAKYNDA DÜRDÄNELER
Ene ~ şu barlykda iñ rehimli ynsandyr. Enelik ~ bagyşlamagyñ hem-de özüñi pida etmegiñ añladylmasydyr. Erih Mariýa REMARK. * * * Ene ýüregi gutarnyksyz ajaýyplygyñ gözbaşydyr. Pýer Žan BERANŽE. * * * Ene ~ biziñ kalbymyzda orun alan gorky-ürküleri dep edip bilýän mährem ynsandyr. D.KENFILD. * * * Ene ýüregi oý mysalydyr, onuñ jümmüşinde biziñ günämizi geçjek rehimlilik bardyr. Onore de BALZAK. * * * Ene perzendini ezizlände olara bolan söýgüsi egsilmezdir. Perl BAK. * * * Ene ~ mydama kömege ýetişip gelýär, hatda ýanyñda bolmadyk pursatlarda-da. Elçin SAFARLY. * * * Enäniñ elleri mähirden dokalandyr ~ çagalar onda rahat uklaýarlar. Wiktor GÝUGO. * * * Saña gürlemegi öwreden eneñ bilen gödek gürleşme! Hezreti ALY (r.a.) * * * Enäniñ päk söýgüsine bäs edip biljek başga duýgy ýokdur W.KLÝUÇEWSKIÝ. * * * Enäniñ söýgüsi ýaly durmuşyñ ähli şatysyna çydaýan, dözýän başga duýgy ýokdur. Ç.PADDOK. * * * Ýyllaryñ geçmegi bilen, her bir ynsan durmuşda iñ esasy zada ~ ene bilen didarlaşmaga bolan mümkinçilikden her pursatda peýdalanmalydygyna düşünýär. Ýöne, gynansak-da, kähalatda adamlar muña giç düşünýärler, haçanda, enesiniñ bu ýagty jahanda ýok mahaly. Ruben GALÝEGO. * * * Heññamlar geçip, döwür özgerse-de, ýaşaýyş derejämiz oýlanyp tapylan täze tehnologiýalaryñ kömegi bilen össe-de, enä bolan hormatymyzy hakydamyzdan çykarmasak, biziñ kalbymyz rahat bolar. Aýn REND. * * * Tebigat örän parasatly ~ zenana ene bolmaga dokuz aý taýýarlyk möhletini berýär. Ýöne, zenan diñe perzendi dünýä inip, ony görende, özüni hem täzeden doglan ýaly, düýbünden başga adam ýaly duýýar. Bu täze adam, elbetde, ENE-dir, duýgy bolsa Enelik duýgusydyr. Penelopa KRUZ. * * * Eneler perzentleri sebäpli uzak ýaşaýarlar. SOFOKL. * * * Enesini sylamadyk, özüne bolan hormaty hem ýitirýär. Şoderio de LAKLO. * * * Ynsandaky asylly häsiýetleriñ hemmesi ~ Gün nurundan hem-de Enäniñ süýdünden döreýär. Maksim GORKIÝ. Toplan: Gülşat ATAÝEWA, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyñ mugallymy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |