09:12 G.Annakowa / Goşgular | |
GOŞGULAR
▶ ARKADAGYÑ SAÝASYNDA Aziýañ merjeni - gözel Aşgabat, Behişt ýalkymynyñ Ýere düşmesi. Päk niýete meñzeş mermer binalar, Watan ~ köñüllere ylham çeşmesi. Şöhratly taryhyñ şaýady Asman, Nurun heññamlardan alýan mysaly. Eçilýär topraga egsilmez rysgal, Em bar her otunda jana şypaly. Ýollar bar, gözbaşyn geçmişden alyp, Gadam goýan huzuryna geljegiñ. Wagty ölçemeden özgerýär durmuş, Paýhasyndan Gahrymanyñ ~ Gerçegiñ. Gözellikde güýç bar, ol adaty däl, Şoñ üçin mähriban bu gözel Diýar... ▶ DOGULDYM IÝULYÑ PETIŞ GIJESI Ret edip kakamyñ ogul islegin, Hem Käbämiñ ýar gutlamak yhlasyn. Doguldym iýulyñ petiş bir güni, Ümsüm gije tikdi ilki lybasyn. Arzuwyñ paşmady, gyz bolup dogdum, Kaka, gamlanañok, sen uçursyz zat. Saña jusa meñzeşligi üçinmi? Näme beýle eziz gundagdaky zat?! Söýdüñ meni, taýym tapman ulaltdyñ, Çekdiñ ýüregiñe baky nagyşlap. Señ berýän söýgiñi gözläp ýatlardan, Hata etdim, bagyşla! Paýhasym bir başa kemter bolsa-da, Duýgulam bir ýürek götärden agyr. Terk et diýme, syýam bilen kagyzym, Tapýaryn olardan ruhuma haýyr. ...Doguldym iýulyñ petiş gijesi, Çünki şonda aýandy meñ ykbalym. Käşgä bolan bolsa kakam arzuwy, Hem Käbäniñ ýar gutlamak yhlasy. ▶ EJE Söýmegimi men bes etmedim, eje! Ýalñyzlyk mülküniñ şatlygna eýe, Diwanalañ meýlisine garyldym. Söýmegimi men bes etmedim, eje! Synan göwünleñ bagynda Pyntyk bolup ýaryldym! Söýmegimi men bes etmedim, eje! Sähel-mähel ýaly görünýän zatlar, Suwa zyñlan daş deý Bagrymy deşýär. Şol pursat çagakam emdiren süýdüñ, Syýam bilen şygyrlarma geçýär. Söýmegimi men bes etmedim, eje! Öwütleñ ömrüme söýe. Bagtsyzdyr öýdüp gynanma, Gyzyñ üýtgeşik ykbalyñ Entek hiç kime bermedik, Bagtyna eýe. "Adalat" gazeti, 10.11.2017 ý. ◆ ◆ ◆ ▶ WATAN Säher agaçlarda düşlände şemal Diñledim sesiñi, durlandy paýhas. Owazyñda pederleriñ arzuwy, Belentden ýañlanýar, sadadan agras. Watan, ürgün çägäñ her zerresinde Dünýä demi düşenleriñ ady bar. Jigerde jan bilen goralan toprak Pederlerden galan baky ýadygär. Gözellige teşne göreçler üçin Derkar däl dyrmaşmak gerşine dagyñ. Lälesi bagryñdan reñk alan sähra Arasynda Zemin bilen Asmanyñ. Goýnuñ gonan jana aram, teselli Kalbyñda sarsmaz yşk ýanýar owalda. Watan, söýenlerñi söýüp bilmesem Al galammy, gulak asma töwella. ▶ SEM DÄL Görnüşim sedasyz beden Ezilen duýgulam sem dälm Saýyldym tekepbir, gedem, Gandally köñüller geñ däl. Gitdi ykbalym kejime, Hasrat eçile-eçile Durmuş ~ nygmatly mejime, Üstünde tagamlar deñ däl. Galamym ömrüme peşgeş, Ýüregim dilime teşwüş Yzamy egisen, demdeş, Sen senmi ýa-da men men däl?! ▶ GÖRDÜM SENI Gördüm seni uly ýoluñ ugrunda Geçmek üçin bolup dursuñ ot-elek. "Käşkä görmesedim" diýdim özüme: Eliñi tutanda bir näzeniniñ Jigledi ýürek. Bu pursatda üýtgemedi hiç bir zat Ne baglar, ne daglar çekdiler jepa. Gözýaşy içime ýuwutdyran dil Hatda dodaga-da syryn bildirmän Diýdi" "Biwepa!". "Edebiýat we Sungat" gazeti, 18.08.2017 ý. ◆ ◆ ◆ ▶ WATANYM Jana barabarka bir gysym toprak, Bir ýuwdum howañam gymmaty bardyr. Ýüki Watan derdi bolan gerçegiñ, Uludan dem alyp, dymmasy bardyr. Taryh asla götermeýär ejizi, Gadym galalaryñ güñlenç zañy deý, Ýakymsyz zaññyrdar, soñra undular. Emma mertleñ ady aýdym edilip, Asyrlardan-asyrlara aýdylar. Mertleñ ýurdy, mertlik tugy, Watanym, Daşyñ gallap durka ärleriñ ruhy, Ömrüñ zyýadadyr, topragyñ tämiz. Daýanjyñ aslyñka, hazynañ ~ paýhas, Geçersiñ, başyñy egmersiñ hergiz. Şanly geçmişiñe ýaýlalañ emin, Bar sen, bolarsyñ, durka bu Zemin. ▶ YNSAN Dünýä indiñ, ilkinji jägildiñden Ýañ düşdi ertire, ömrüñ derdeser. Dar ene garnynda ýerlän mydaryñ Gününe kaýyl däl, gerek ýer we zer. Eýe sen gözlerñe sygana, emma Göwnüñe sygmadyk çekdirer arman. Kanagat tapmarsyñ ylla telbe deý Deñze köñül bermän, Daglary ýarman. Öwgüleriñ kalby otly ýolagça, Ümmülmez gözýetim garşylar seni. Mälim menzilleriñ aýdymlaryna Goşular nämälim dünýäniñ heñi. Özgerer pikirleñ, sen öñki sen däl, Tanyş ýüzler soñra görüner başga. Täzeden okarsyñ okan kitaplañ, Olar senden uzak ýa özüñ daşda. Öñe gitdigiñçe uzan ýollarda Bolsa-da ähli zat bir saña tabyn, Rahatlyk tapmarsyñ, Aslyña meñzeş Güberçek mekana berýänçäñ ýanyñ. ▶ SEBÄPSIZ DÄL... Sebäpsiz däl, Uzalmasy gijeleñ. Pessaý ýele derekleñ baş atmasy. Gije-gündiz gülüñ agşam çygyna Sessiz derdin aýdyp, iç boşatmasy. Sebäpsiz däl, Ir säherde guşlaryñ Şol bir heñi gaýtalaýan nagmasy. Bir güneşli günde azaşan bulduñ Geñ görülmä üns bermän ýagmasy. Sebäpsiz däl, Elimdäki syýamyñ Aýdanyma boýun towlap durmasy. Çep gursakda ýerlemedik ýüregiñ Mahal-mahal howlamasy, urmasy. "Edebiýat we Sungat" gazeti, 09.03.2018 ý. | |
|
√ Kyrk ýaşa ýeteniñde / Goşgular - 03.02.2024 |
√ Rubagylar / Goşgular - 13.01.2024 |
√ "Gitdim senden ilerledip ümzügi..." / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Geçmişden bir ahwal ýa-da Sanjar hekaýaty / Goşgular - 17.05.2024 |
√ Siziñki / Goşgular - 30.01.2024 |
√ "At bilen kowalap gördüler ony..." / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Ak buýnuzly ak maral / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Göreş / Goşgular - 11.02.2024 |
√ Nädip ýaşamaly?! / Goşgular - 13.01.2024 |
√ Ömrümiñ manysy bolmaly zenan / Goşgular - 05.02.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |