19:04 Gar adamsy | |
GAR ADAMSY
Hemmeler “Gar adam” ýasanda gardan, Men örän isledim “ýasaýsam” diýip – Uzaklaşyp barýan kişini – ýardan, Alys düşen äri namysdan-ardan. Küle siňen gyzy – misli bir dürden. Bir şatlygy – enesizi güldüren. Ol söýgini – bakylygyn bildiren. Ilki gezelençde saz bolan heňi, Goşgy hem sözara ikiçäk jeňi. Şeýle-de, gaş asty nokat deý meňi, Päkize nazarly seredýän Seni. Wagtyň ýatlamada doňup galyşyn, Dogman, giden çagaň – enä nalyşyn. Bir hassanyň gök çaýdan der tapyşyn, Balyklaryň ummandan dür tapyşyn. Sary Günüň gar üste zer sepişin, Bir ýalanyň iki işigi ýapyşyn. Göwne ornan kinäň ylla ýarysyn, Söýginiň ÿürekde çiten halysyn. Adalatyň hemrasy ol – karysyn, Ine şularyň barysyn, Ýene kän zady. Gardan şekil edip, guwanjakdym men. Erejegi akla gelip, şobada saklandym, wah, ýogsa, oňarjakdym men… Ogulşirin GURBANOWA. | |
|
√ "Garrap ýörünmi ýa men..." / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Жизнь / Goşgular - 29.02.2024 |
√ Meniñ monologym / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Ynanarmykan? / Goşgular - 30.01.2024 |
√ Bagyşla! / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Wiswisi lakamly obadaşymyň ömür beýany / Goşgular - 25.03.2024 |
√ Nar / Goşgular - 22.04.2024 |
√ Är garrar... / Goşgular - 30.04.2024 |
√ Ömrümiñ manysy bolmaly zenan / Goşgular - 05.02.2024 |
√ At galar / Goşgular - 11.02.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |