04:50 Gar yşky / hakyda hekaýaty | |
GAR YŞKY
Gyş geldi... Ykjam şaýyny tutup gelene meňzeýär öz-ä. Ýaňy ilkinji aýyna girip-girmänkä el-ýüzüňi gaýzykdyryp barýan aýaza tutdy. Howanyň öwzaýy garyň daşda däldigini duýduryp durdy. Kakam aýtmyşlaýyn, “Gar ýagmazyndan öňinçä öz ýagjagyny bildirýär. Kükregiňi dolduryp dem alsaň, howadan garyň ysyň gelip durandyr”. Ine, arly ýyl aran topraga güpläp gar düşdi. Ilkinji ýagan gar ýürekleri hem öz reňki bilen gaýtadan ýuwan ýalydy. Uly-kiçi bir-birini aklyk bilen gutlap, heýjana düşenler gysymyny tokga gardan dolduryp, zyňyşyp oýnaýardylar. Bu asman şalygynyň gözüňi gamaşdyryjy rehnetine imrinip daşarda gezmeleýän adamlary, keýpihonluk bilen ikiýana ylgaşyp, göwün solpusyndan çykýan çagalary penjireden synlap durşuma, kalbymy gözel ahwal gaplady.Indi beýdip penjireden seredip durmaga kararym ýetmedi. Derrew paltomy geýdim-de daşaryk çykdym. Baglar ähli ýapragyny döküp, uka gidipdir. Olar bütin ýylky zähmetiniň ýerine düşendigine begenip, rahat uklap ýatan ýaly. Kalplarynda-da geljek ýylyň etsem-petsemleri. Wah, şu mahal olaryň ýüreginiň sesini diňläp bolsady! Arzuw-hyýallaryna aralaşmak nesip etsedi. Men häzir gözel tebigatyň ak ýorganyny ýapynyp, owadan düýş görýändigine ynanýan. Ylaýym, bu düýşleronuň isleýşi ýaly süýji bolsun-da… Gar basan ýanýodanyň ugry bilen gidip barşyma, edil şeýle günleriň birinde bolan bir täsin waka dünýämi gaplady.Wah, ondan bäri ýere nijeme garlar düşmedimi näme?! Şol pursat men indi eslije ýyl aňyrda galan ýetginjeklik – mekdep ýyllarymyň gujagyna doldum. Bu gujak meni şeýle bir bagryna basdy. Nämüçindir biz bir-birimizi goýberesimiz gelmedi?! Ine, öňümde saryja saçly, 12-13 ýaşly gyzjagaz dur.Men birbada onuň özümdigine ynanasym gelmedi. Emma her näçe ynanasym gelmese-de, bu meniň özümdim. Hawa, özüm. Ýanymda-da kalbynyň gözelligi görmegeý ýüzünde görnüp duran zyba zenan, mähriban halypam, Ak bugdaý etrabynyň 10-njy orta mekdebiniň türkmen dili we edebiýaty mugallymy Abadangözel Öwezmyradowa (ruhy şat bolsun!) bar. Onuň ýörgünli ady “Gözel mugallymdy”. Bu waka şeýle bolupdy. ...Gözel mugallym meni okadyp başlanyndan bäri ders bäsleşigine taýýarlaýardy. Taýýarlyk belli bir tapgyrlary geçemsoň hasam güýjeýärdi. Diňe bir mekdepde däl, eýsem, ol meni öýünde taýýarlamaga başlady. Onuň bir häsiýeti bardy. Ol biraz ýadanlygymy duýsa, derrew başga bir durmuş hakykatyna degişli wakalara ünsümi çekýärdi. Ony diňlemek şeýle bir ýakymlydy. Sesi, hereketleri, ýüzündäki göze ilmeýän özüne çekijiligi oňa “Birkemsiz gözel” diýmäge mümkinçilik berýärdi.Hatda ol maňa öz şahsy kitaphanasyndan hem peýdalanmaga rugsat berdi. Men ol kitaphanadan islän kitabymy alyp okap bilýärdim. Ol ýerde diňe bir kitaplar däl, eýsem mugallymyň talyp ýyllaryna degişli suratlar, hormat hatlary, şeýle-de bir-biregi dürli baýramçylyklar bilen gutlanyp ýazylan gutlag hatlary bardy. Men soňabaka okuwdan soň biraz ejeme kömekleşip, derrew mugallymyň täsin kitaphanasyna howlugýardym. Ine-de, haý-haýly taýýarlyk gutaryp, ders bäsleşiginiň ýene bir tapgyry başlandy. Bizem Gözel mugallym bilen ýagşy niýeti hemra edinip ýola düşdük. Edil şol güne garaşan ýaly daşarda şeýle bir gar ýagýardy, heý goýaý! Men bärde ders bäsleşigi hakynda däl, eýsem başga bir täsin, hiç gaýtalanmajak pursatlary ýatlasym gelýär. Mugallym meni daşarda ýörite oturmak üçin niýetlenen ýere äkitdi. Onuň maňa nämedir bir zat aýtmak isleýändigini duýdum.Biz ýüzbe-ýüz oturdyk.Biziň aramyzda sowal-jogap başlandy: - Daş-töweregiň gözelligini görýärmiň? – - Hawa, mugallym. - Diňle, gyzym, adama diňe görmek ýeterlik däldir. Biz gözümiz bilen ähli zady görüp bilmeris. - Düşünmedim, mugallym. - Sen häzir düşünmeseňem haçandyr bir wagt sen ähli zada düşünersiň. Ýöne sen meniň şu aýdan sözlerimi ýadyňdan çykarmagyn. Adamyň kalbynda-da gözi bolýandyr. Eger şol göz batyl bolsa, onda biziň beýnimizdäki göz bilen barlyga düşünmek mümkin däldir. Eger biziň kalbymyzdaky görejimiz batyl bolmasa, biz şonda hakyky ynsan bolarys. - Kalbyň gözi nähili bolýar? Onuň batyl bolmazlygy üçin näme etmeli? - Kalbyň gözi üýtgeşik gözdür. Ol hökman her adamda bardyr. Ol biziň ýaşaýşymyza many, abraýymyza abraý goşýan gözdür. Onuň batyl bolmazlygy üçin ullakan kän zat gerek däl. Diňe niýetiňi-päliňi päk sakla! Adamlary söý! Şonda ol göz hiç wagt kütelmezem, batylam bolmaz. Şeýle söhbet boldy. Soňra özüniň goýazy pikirlerini näzik duýgulary bilen utgaşdyran ussadyň maňa “Ilkinji gar”goşgusyny okatdy: Ýer nirde, gök nirde, bilip bolanok, Baky ilkinji gar ýagýardy ýene. Onuň ýerde dynnym ýaly kasty ýok Gyz ädimi bilen düşýärdi ýere. Ilki ýeriň, soň asmanyň zürýady Geçip bilmän ýylylygyň deňinden. Ilkinji gar pagyş-para erýärdi Ýüzleň, elleň, ýeriň ýyly deminden. Bu gar birinji däl, däldi müňünji, Ol ýyllaň hasabyn undup ýagýardy. Ol kimiň birinji, kimiň ýüzünji Kimiň bolsa on ýedinji garydy. Öňler müňläp kişi görenem bolsa Duýanam bolsa, müňlerçe ýürek. Olary hut ýaňy dörän mysaly, Görüp bilmek gerek ilkinji gezek. Aýlan sen, pyrlan sen, bolmasyn ünjiň, Gyz ädimi bilen düş ýere sary, Öten ýyl ilkinji, Bu ýyl ilkinji, Soň ýene ilkinji müdimi garym. Goşgyny okap bolamsoň, mugallym maňa: “Şu goşgynyň süňňünde garyň üsti bilen ynsanyň ömri, bagty, ýaşaýşy barada gaty köp zat aýdylýar. “Ilkinji gar pagyş-para ereýärdi, ýüzleň, elleň, ýeriň ýyly deminden” diýen setiriň özi meniň saňa ýokarda düşündirmek islänlerimi ykrar edýär” diýdi. Soňra öňünde duran depderdir galamyny meniň öňüme süýşürdi-de meniň gar hakynda goşgy ýazmagymy sorady. Bu teklip meniň üçin örän geň boldy. “Mugallym, men ýazyp bilemok”. Bu jogabyma ol myssa ýylgyrdy-da: “Gyssanma, pikiriňi çugdamla, soňam kalbyňy diňle. Ylham perişdesi beýle uzakda däl ahyryn” diýip, meni depderdir galamyma tabşyryp, mugallymlara niýetlenen otaga tarap gitdi. Men şonda ilkinji goşgymy ýazdym. Hawa, bu goşgyny şeýdip maňa iki ussadyň gar yşgy ýazdyrdy. Eý, Asmanyňrehneti gar, Aýdaý, sende ne hikmet bar? Ýagýaň düýnden bäri diňmän, Hatda topraga-da siňmän. Kalbyň päkize niýeti, Gaplap bütin gözýetimi, Ýatlatdy "Ilkinjigary". Bilmenbizmi, ýasenzary?! Ýazdyrdymaňa-da goşgy, Ikiussadyň gar yşky... Ine, men şeýdip gyş paslynda, ilkinji garyň ýagýan pursady, halypamyň sözüniň, ussadyň şygrynyň täsiri bilen ilkinji goşgymy ýazdym. Ilkinji garyň ýagmagy bilen kalbyma dolýan bu ýatlamany indi, gör, näçenji gezek ýatlaýan?! Ýatlamalar ummanyna çümenimde täsin bir duýgynyň gujagyna düşýän. Şeýdibem her gezek täze pikirleriň, täze duýgularyň döremegine sebäp bolýar. Men birhili bu süýji ýatlamanyň lezzetini ýyllaryň geçmegi bilen has gowy duýýan ýaly.Ýok, bu hut şeýle. Men şeýle ajaýyp, ýatdan çykmajak pursady ykbalyma bagyşlanlara sagbolsun aýdasym gelýär: SAGBOL, DURMUŞ! SAGBOL, MUGALLYM! Gurbanjemal ANNAKOWA. | |
|
√ Ýolagçy / hekaýa - 12.01.2024 |
√ Шер аминь / рассказ - 20.01.2024 |
√ Köprüler / hekaýa - 15.01.2024 |
√ Leýlanyň taryhy / hekaýa - 11.01.2024 |
√ Düýş gapylary / hekaýa - 26.01.2024 |
√ Garagumda / hekaýa - 09.03.2024 |
√ Haýsy gowy? / Gündogar hekaýaty - 05.03.2024 |
√ Gök gözli Ýefrosinýa / hekaýa - 13.05.2024 |
√ Sen aman bol bu dünýäde / hekaýa - 22.01.2024 |
√ Toý sowgady / hekaýa - 12.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |