03:07 Garagum | |
GARAGUM
Diýýän sözlerime gulak goý, gardaş, Suw meniň gamymdyr, topragym – tenim. Garagumuň reňkine çalymdaş, Meniň güne ýanan goňras bedenim. Ýedi gat toprakdan nem syzyp ýatan, Sazagyň köküdirr meniň damarym. Seň gara synaňa gül ýazyp ýatan, Bol suwly derýamdyr altyn kemerim. Çopan ody ýaly közürgär durar, Maňa meşgeş beren gara gözleriň. Hernä meňzesem-de, seniň howaň dek, Guraksy bolmasyn diýýän sözlerim. Tebigatyň ýaly ketjak häsiýeti Bilmedim, neneňsi rowa görüpsiň?! Sen näme berseň-de, beren zadyňy, Ene süýdi bilen garyp beripsiň. 1976. | |
|
√ Käbir aýallara melek diýýäñiz / Goşgular - 04.02.2024 |
√ Ömrümiñ manysy bolmaly zenan / Goşgular - 05.02.2024 |
√ Ýogaldy / Goşgular - 05.05.2024 |
√ Täjir tanşyma / Goşgular - 16.01.2024 |
√ Gije hem gündiz / Goşgular - 07.02.2024 |
√ Siziñki / Goşgular - 30.01.2024 |
√ Garaş maňa / Goşgular - 17.02.2024 |
√ Mürze ýigit / Goşgular - 12.03.2024 |
√ Suwdan ot çykaran goşgy / Goşgular - 31.01.2024 |
√ Perişan kalbyñ umydy / Goşgular - 01.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |