18:19 Geçmiş | |
GEÇMIŞ
Geçmiş näme? Atalaryň mazary. Geçmiş näme? Ol uruşda ok degen Kakamyň çep aýagynyň azary. Geçmiş — bu ejemiň süýtdeş dogany, Geçmiş — agyrysy okly synalaň. Ojakdan göterlen çal tüssä meňzäp, Ýaýla siňen hasratlary eneleň. Geçmiş — bu daýymyň ýazan hatlary… Hem ejemiň gözläp ýörşi mazaryn. Geçmiş — bu kakamyň barmaklarynyň Mekan edinmegi deňziň kenaryn. Geçmiş — bu daýymdyr kakam ýalylaň Baýdak kimin lowlap galan namysy. Gözýaş bolup gözden syrygan ýyllar, Kiçijik kagyzyň äkelen ýasy. Bu zatlary duýup durkaň özüňem, Menden: “Geçmiş näme?” diýip soraýaň. A men bolsa, nämüçindir, kakamyň Barmagy ýok ellerine garaýan. Gözel ZARYPOWA. | |
|
√ Erjellik / Goşgular - 05.01.2024 |
√ Победителям / Goşgular - 29.02.2024 |
√ Perişan kalbyñ umydy / Goşgular - 01.01.2024 |
√ «Превратила всё в шутку сначала…» / Goşgular - 29.02.2024 |
√ Suwdan ot çykaran goşgy / Goşgular - 31.01.2024 |
√ Atsyz goşgy / Goşgular - 31.01.2024 |
√ Garaş maňa / Goşgular - 17.02.2024 |
√ Ajap ýaýlam / Goşgular - 15.05.2024 |
√ Yzany yşkyma ýamag etdim / Goşgular - 15.04.2024 |
√ Puluň başarnygy barada agymtyl goşgy / Goşgular - 10.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |