01:41

Gijigen gutlag!

Категория: Gutlaglar | Просмотров: 827 | Добавил: Şirhan | Теги: Şirhan Allaberdiýew | Рейтинг: 5.0/2
Awtoryň başga makalalary

Gutlaglar bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 16
0
1 Yusup  
50
Gutly bolsun Has aga. Iň owadan arzuwlar bilen.

0
2 Garayolly25  
1449
Essalawmaleykim hemmä säher çagy. Menem gijigip bildim. Has Türkmen, doglan gunuň gutly~mübärek bolsun. Ýaşyň uzakdan~uzak bolsun! Maşgalaň, dost~ýarlaryň, il~gün bolup indiki doglan günleriňi~de gülüp~oýnap garşylamak nesip eýleşin!

0
3 Gurgencli  
324
Has eke:) doglan güniň gutly bolsun, Göroglynyň ýaşyny bersin, görjegiň gowluk, aljagyň alkyş bolsun.

0
4 Bagabat  
43
Ýaşyň uzyn bolsun! Görjegiň gowy bolsun, janyň sag işiň rowaç bolsun. Seniňem, seniň bilen bilelikde "hobbi" diýlip başlanan bolmagy mümkin, soňam ägirt uly sogaba öwrülen "kitapçy" taslamaňyz üçin zähmet çeken dost-ýarlaryňam edeni üçin siziň hemmäňizi Alla ýalkasyn!
Şirhanyň "jyn" hakda aýdanlaryna "çalaşža goşulasy geleniň gürrüňi" :-):
Jyn - asly otdan.
Ot näme?
Ýylylyk?
Ýylylyk näme?
Energiýaň bir görnüşi.
Energiýany durnukly sypatda saklamak, ýagny özünde informasiýany durnukly saklap bilýän materiýa öwrümek mümkinmi?
Näme, informasiýany diňe materiýa durnukly saklap bilýärmi?
Energiýanyň özen häsiýetlerini, haýsy ugra hereket etjegini, nähili täsir edilende onuň nähili özgerýändigini we ş.m. kesgitleýän zat näme?
Energiýanyň atomlarynda, kwarklarynda saklanýan informaiýa dälmi?
Mysal üçin, ylmy maglumatlara görä her bir adamyň birje DNK öýjüginiň özeninde (ýadrosynda) 3 milliard nukleotid jübüti bar. Şolaň hemmesinde bütewilikde-de himiki element kody bilen kodlanan takmynan 1,5 gigabit (milliard baýt) maglumat (informasiýa) saklanýar. Ynsan organizminde bolsa şeýle DNK öýjükleriň 40 trillion sanysy bar. Diýmek bu görkezijileri köpeltseňem, birje ynsan organizminde 60 zettabaýt möçberinde informasiýanyň saklanýandygy hakynda netije emele gelýär. Deňeşdirmek üçin alnanda, adamzadyň mälim taryhynyň dowamynda tä 2020-nji ýyla çenli, ýagny müňlerçe ýyllaň dowamynda hemme toplan maglumatynyň möçberi takmynan 40 zettabaýt bolup durýar.
Bu maglumatlar bilen aýtmakçy bolýanym, dünýewi ylmyňp nukdaýnazaryndan sap energetiki jandarlaryň bardygy doly subut edilmedigem bolsa, şeýle jandarlaryň bardygyna ynanýan.
Ylahyýetde bolsa jynlaryň ak hem gara, mömin hem kapyr jynlara bölünýändigi kän ýerde habar berilýär.

0
5 Bagabat  
43
Kelle döwe-döwe özüm üçin bir zada düşündim:
— Allatagala ynamdan özge manysy ýok bu diriligiň! Eger-de dünýewi materalistik garaýyşlar bilen şol ynamy özüňde-özüň kör edip taşlasaň, ynsanyň ömr-ä çagajygyň elindäki tokurtgajyga üflenip çişirilýän sabyn köpürjigi ýaly, pyrkyldap ýarylýança sähelçe pursatlyk ýaldyr-ýuldurlap uçýan bimanylyga öwrülýär, Älemem ýygrylyp-ýazylyp duran bimany herekete. Köpbilmişligiň piri — Şeýtanyň alyna gitmän, özüňde Oňa çyn ynamy söndürmän, gaýta ony has-da köretseň bolsa, rahatlyk gelýä, boýunalyklyk, kanagat gelýä...Şolam ynamyň serpaýy. Dirilikdäki baýragyň. Ynanmaga siňdiren yhlasyň, zähmetiň bu dünýäde berilýän almyty…
Bagt näme?
Lezzet.
Lezzet bolsa adamy akmak edýär.
Ezýet gazaplandyrýar ýa-da umytdan düşürýär.
Kanagat, sabyr — hemme zada many çaýýar.
Many = Ynam.
Älemde näme baky?
Energiýa bilen informasiýa.
Energiýanyň ençeme görnüşi bar. Biziň dünýewi ylmymyz onuň bary-ýogy birnäçe görnüşjigine ýarpy-ýalta akyl ýetirdi.
Big Bangdan (Äpet Partlaýyşdan) emele gelen energiýa bir görnüşden başga görnüşe (transformasiýa) geçip, Älemi 13,75 +/- 0,11 milliard ýyl bäri üznüksiz giňeldip gelýär. Soňam şol Älemiň göbegindäki energiýa entropiýa (energiýanyň gutarnykly pytrama ahwaly) ýagdaýyna geçer-de, Älem sowap, ýygrylmaga başlar (Big Crunch ýagdaýy) — diýen alymlaryň gipotezasy bar. Iň soňunda-da birje dynnym gabarasyna çenli ýygrylybam, Ol ýene-de öz içinde bolup geçýän kwark reaksiýasy sebäpli, täzeden Partlar. Onsoň ýene-de Äpet Giňeýiş başlaýar.
Informasiýa bolsa şo energiýanyň haçan, nähili, nädip herekete girmelidigini, näçe wagt hereketde bolup, haçan entropiýanyň başlanmalydygyny, soňam haçan ýene-de energiýanyň «jana» gelmelidigini özünde jemleýär.
Şeýlelikde, informasiýa bolmasa — energiýa manysyz.
Energiýa bolmasa — informasiýa jansyz.
Indi bu zatlar bilen aýtjak bolýanym, şu düşünjeleriň hemmesem, Allatagala bolan ynamyň içine sygýaram, şoňa gapma-garşy gelmeýärem.
Ýöne dünýewi gipotezalaýyn materialistik ylym bilen ylahy psihologiki-filosofiki-mifologiki ylmy seplemek we olaryň biri-birine çapraz gelmeýändigini subut etmek üçin ilki bilen-ä olaryň ikisindenem sowadyň ýetik bolmaly. soňam esasy zat şol zadyň şeýledigine YNAMYŇ bolmaly.

0
6 Bagabat  
43
Bakylyk bir Beýik Many:ň bardygyna, oňa aň ýetirmegiňem mümkindigine Beýik Ynamda.
Ýogsa, Älem-ä ýygrylyp-ýazylyp duran “aňkardýan”-a (akkordeona :-)) öwrülýä, onuň bar Özenem bimany energiýa bilen gerekmejek informasiýa bolýa duruberýä.
Ýygrylyp-ýazylmagyň, ýagny “hereketiň hatyrasyna hereket” diýlen ýaly bir zada.
Beýik Many bilen Beýik Ynam = Bakylyk.

0
7 Ependi  
284
@Has, ýaşyň hasam uzyn bolsun! Görjegiň gowluk bolsun! Siziň tagallaňyz bolmadyk bolsa, bizem bärde gutlap bilmezdik. Esasy zat, jan saglyk, agzybirlik bolsun!

0
8 Bilbil  
938
Has Türkmen, doglan günüňiz gutly bolsun! Uzak ýaşaň! Dünýädäki ähli gowulyklary maşgalaňyza we size arzuw edýärin.

0
9 kungfuu  
1292
@Has Türkmen aganyň biografiýasy bilen tanşyp bolarmyka?

0
10 Aksary  
876
Ömrüñ bolsun.

0
11 sylapberdimuhamov  
1428
Has gardaş, näme diýjegimem bilemok.
Samanylar hanedanynyñ söýgüli köşk şahyry Rudakynyñ gözlerini oýansoñlar bir wagt özüne gelip, görgüli "Aýylganç tupandan soñ jahan nähili ajaýyp" diýipdir.
Golaýda agyr hasraty başdan geçirdiñ. Entegem kalbyñ aramsyzlygyny duýýan.
Öñki doglan günleriñden başga bir doglan günler başlandy. Her gezek oýlara batyrýan, her dürli pikir getirýän.
Paýhas mizanyny gurup dünýäniñ işlerini saldarlamaly möwsüm mübärek bolsun!

0
12 Haweran  
411
Şirhan gardaş, agşam özüme jañ edipdiñ-ä, beýtmelem däldiñ... (Obadadym, hem öýde adam bolansoñ arkaýyn gürleşip bilmedim).
Herhal sag bol, minnetdar. Asyl hemmäñize minnetdar! Tañryýalkasyn!
Sylapberdi gardaş, Sizem sag boluñ. Dogry, kalbyñ aramsyzlygy aýdar-diýer ýaly däl. Hiç özüñi dürsäp bolanok. Şu gün käbämiñ belli güni - kyrky boldy...
Şoñ ü.n düýn doglan günümdirem öýtmedim.
Ýöne bir zat: elbetde, olañam kalby aramsyz we ýaralydyr, şondan "ýaşyñ uzak bolsun" diýeslerem gelen däldir welin, öz jigilerimden şeýle gutlaglary eşitmedigem bolsam, kitapcy kollektiwiniñ we okyjylarynyñ ýagşy arzuw-dilegleri şular ýaly günde meni ganatlandyrdy, göwnümi galkyndyrdy.
Ýene-de bir gezek hemmäñize Tañryýalkasyn!

0
13 Gumlygelin  
8
Alla uzak ömür, kalbyñyza rahatlyk bersin. Goý, siziñ bu dünýäde edýän işlerñiz üçin käbäñ o dünýäde rahat ýatsyn. Maşgalañ bagtyna guwanyp, saglykly, armansyz ömür sürmek nesip etsin.

0
14 kungfuu  
1292
@Has aga, doglan günüňiz gutly bolsun! Janyňyz sag bolsun! Ähli gowulyklary arzuw edýän!!!

0
15 Kovalevskiy  
1521
Köpden bäri kitapcy saýtynda bolmandym. Ençeme täzeliklerden yza galypdyryn. Häzir garyşyk pikirlerden hiç saplanyp bilemok. Şonuñ üçin sözümiñ başyny eşiden ilkinji hoş habarymdan başlasym gelýär. @Has Türkmen aga doglan günüñiz gutly bolsun! Goý her gün size bagt getirsin, janyñyz sag, ömrüñiz uzak, çagalaryñyzyñ bagtyna guwanyñ....
Gynandyrjy hem bolsa geçiren agyr hasratyñyza gynanjymy bildirýärin. Allatagala kalbyñyza rahatlyk bersin.
Biziñ ählimizi bir ýere jemleýän kitapcy saýtynda şeýle gowy adamlar bilen duşuşanyma begenýän. Gowy adamlaryñ barlygynda Ýer şary aýlanyp durandyr.

0
16 Kovalevskiy  
1521
Meniñ hem gutlagym gijikdi. Men eýýäm başdaky gutlagymy 3-4-nji gezek dagy ugradýaryn.

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]