18:33 Giñ dünýäniñ dowamy | |
Oguljemal ÇARYÝEWA
▶ GIÑ DÜNÝÄNIÑ DOWAMY Altyn-kümüşiñe gyzmadym dünýä, Maña akyl-paýhas, şirin zyban ber. Muhabbet gulpunyñ açary nirde, Aşyklaryñ piri ~ Ýusup pygamber?! Göwnüm gökde bolsa ~ meñ pälim pesdir, Ýüregime girdi dünýäñ owazy. Many ummanyndan özümi tapdym, Belki, menem giñ dünýäniñ dowamy. Aşyk boldum bu zemine, asmana, Bagdadyñ ýazyndan habar ber durnam. Maña gözün gypýan tylla ýyldyzlar, Sizden gelýän ýagty kalbyma ornan. Men "Meni götersem" diýýän kä halat, Görünmän gezmegiñ hiç ýok höziri. Hak nazary siñip ykbal şa bolsa, Bolsam onuñ bir akylly weziri. Yşk ýurduna soltan saýan serkerdäm, Señ nuruñdan ýagtylyp dur raýatyñ. Dergähiñe barýan ýoly taparyn, Saña bagly meñ barlygym-haýatym. | |
|
√ "Gitdim senden ilerledip ümzügi..." / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Ömrümiñ manysy bolmaly zenan / Goşgular - 05.02.2024 |
√ Käbir aýallara melek diýýäñiz / Goşgular - 04.02.2024 |
√ "Bagşylara" / Goşgular - 07.02.2024 |
√ Dostluk hakda / Goşgular - 18.02.2024 |
√ Rubagylar / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Perişan kalbyñ umydy / Goşgular - 01.01.2024 |
√ "Diýdiñ: Gelin bolup görkezeýinmi?.." / Goşgular - 14.02.2024 |
√ Şemally gün / Goşgular - 27.01.2024 |
√ Hasap / Goşgular - 18.02.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||