23:03 Gitdim, mümkin däldi galmagym... | |
GITDIM, MÜMKIN DÄLDI GALMAGYM...
Gitdim, mümkin däldi galmagym, çünki, Pidasydyk aýry şertleriň, wagtyň. Şol günde, Şol ýerde, Seň bilen galdy — Şatlygym, hyýallam, gijigen bagtym. Gowuşmagyň rowa görülmeýşi deý, Aýralygam bizlik däldi, bu mälim. Bizi bir bedene baglan syrly bag Seň duran ýeriňe bakdyrdy telim. A sen bolsa galyberdiň çäresiz, Emma bakyşlaryň diýýärdi "Gitme!.." Ah, şol pursat tükenipdim, eý ykbal, Günäm näme? Bu ne agyr içikme?! Men her gije ýaşaýan şol pursaty, Hergiz gitme ýok keşbiňe dünýämden. Bile okan şygrymyzy, gör, indi, Sessiz aýdyp, köşeşýärin, diňýän men. Ýok, aýralyk däl bu! Düýşlerimde sen, Ömrüme gün goşýar tende janlygyň. Men gitsemem, unutmansyň, mähriban, Aýanmydy saňa perişanlygym?!.. ...Gitdim, mümkin bordam galmagym, belki, Sen kalbymy duýan soňky hem ilki. Gurbanjemal ANNAKOWA. | |
|
√ Mürze ýigit / Goşgular - 12.03.2024 |
√ Kyrk ýaşa ýüzlenme / Goşgular - 03.02.2024 |
√ Жизнь / Goşgular - 29.02.2024 |
√ Alabahar / Goşgular - 21.03.2024 |
√ Suwdan ot çykaran goşgy / Goşgular - 31.01.2024 |
√ "At bilen kowalap gördüler ony..." / Goşgular - 01.01.2024 |
√ "Bagşylara" / Goşgular - 07.02.2024 |
√ Ajap ýaýlam / Goşgular - 15.05.2024 |
√ "Ulag gidip barýar..." / Goşgular - 28.04.2024 |
√ Moskwadan görýärler / Goşgular - 30.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |