13:15 Gorkýan | |
GORKÝAN
Aýdan sözlerimi saňa Geň görersiň öýdüp gorkýan. Soň meni bir kelesaňa Deň görersiň öýdüp gorkýan. Gam çekip, hamsygyp birden, Horlanýaryn hyrydardan. Kemçiligmi hemmelerden Öň görersiň öýdüp gorkýan. Ýollaryňa garaýarkam, Umytlarmy üwreýärkäm, Hoş sözüňe ereýärkäm Doň görersiň öýdüp gorkýan. “Söýgi” diýilýän daragtyň Bersin saýalamak bagtyn. Şatlygy görmeli wagtyň Gam görersiň öýdüp gorkýan. Söýgimiň odunda şunça Garalsam-da - gara tüňçe. Meniň bardygmy özüňçe Soň görersiň öýdüp gorkýan. Ýeňen barmy ýeserlikden, Kösenen kän kesirlikden. Bir gün … ýekesiremekden Möňňürersiň öýdüp gorkýan. Gurbanýaz DAŞGYNOW. | |
|
√ "Ulag gidip barýar..." / Goşgular - 28.04.2024 |
√ Düýşgowuran / Goşgular - 08.04.2024 |
√ «Превратила всё в шутку сначала…» / Goşgular - 29.02.2024 |
√ Içgepletme / Goşgular - 12.05.2024 |
√ Owadan pyçak hakynda erteki / Goşgular - 09.04.2024 |
√ Tazy / Goşgular - 30.01.2024 |
√ Puluň başarnygy barada agymtyl goşgy / Goşgular - 10.01.2024 |
√ "Gitdim senden ilerledip ümzügi..." / Goşgular - 01.01.2024 |
√ "Garrap ýörünmi ýa men..." / Goşgular - 01.01.2024 |
√ "Diýdiñ: Gelin bolup görkezeýinmi?.." / Goşgular - 14.02.2024 |
Teswirleriň ählisi: 7 | ||||||||
| ||||||||