10:50 Görmegeý gyza | |
GÖRMEGEÝ GYZA
Bu gün muny aýan etdi gül görküň: Gaýypdan gönderlen arşy Melek sen! Munda her kim bagta baglajak örkün, A sen näme gözläp ýörsüň pelekden?! Edep-haýaň – parlak Tuguň, bilýärin, Şoň üçin nury sen goşa didämiň, Kamatyňda ýalňyz bagtym görýärin, Gözlegim sen, gitseň, ýene idärin. Aýralyk derdini çekenim gowy, Gamly günler ýapyşsa-da ýakamdan. “Hüw-Hak” diýip, ýollar sökenim gowy, Ýüregmiň emrine garşy çykamdan. Arzyňy diýmek kyn, uçrasaň yşka, Arşy Melek, ykbalyma gerek sen! Bagtymy bagş edýän, sen şondan başga, Näme gözläp ýörsüň ahyr Pelekden!? Azymberdi KAKAÝEW. | |
|
√ Konfusiý / Goşgular - 13.05.2024 |
√ Mürze ýigit / Goşgular - 12.03.2024 |
√ Победителям / Goşgular - 29.02.2024 |
√ "Diýdiñ: Gelin bolup görkezeýinmi?.." / Goşgular - 14.02.2024 |
√ Perişan kalbyñ umydy / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Hakyky şahyr / Goşgular - 08.05.2024 |
√ Goltugy daşly adam / Goşgular - 05.01.2024 |
√ Ömrümiñ manysy bolmaly zenan / Goşgular - 05.02.2024 |
√ Kyrk ýaşa ýeteniñde / Goşgular - 03.02.2024 |
√ Owadan pyçak hakynda erteki / Goşgular - 09.04.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |