22:06 Goşgy okap bersene! | |
GOŞGY OKAP BERSENE!
(Seýitmyrat Geldiýewe) Ýadyma şo-ol şat çagalyk döwrümi Salar ýaly goşgy okap bersene! Meniň mydam mähre teşne göwnümi Alar ýaly goşgy okap bersene! Gürzüsin aýlanda otly ýyldyrym, Arş elden gaçyrmyş yşky-bulguryn. Ýagyrnysyn süýnüp barýan ýyllaryň Çalar ýaly goşgy okap bersene! Soňky günler etek-alty, ýeň ýedi, Şygyr okaşmaga elim degmedi... Şo-ol şygryň-a ýüregimde jigledi... Şolar ýaly goşgy okap bersene! Ýüregiň bar ýüregime ýanaşyk, Gideýin men duýgulaňda azaşyp, Sekiz jennet lezzetinden azajyk Çiler ýaly goşgy okap bersene! Günleriň sessizje hoşlaşýanyny, Baharyň golaýlap, gyş geçýänini, Entek öz-özümden daşlaşmanymy Biler ýaly goşgy okap bersene! Kakamyrat REJEBOW. | |
|
√ Garyp köñlümiñ soltany / Goşgular - 21.02.2024 |
√ Aldawçynyñ pañ-pañy / Goşgular - 18.01.2024 |
√ Ýolbars we Möjek / basnýa / Goşgular - 05.01.2024 |
√ Estagfurullaly bentler / Goşgular - 14.02.2024 |
√ Was-wasylara... / Goşgular - 23.01.2024 |
√ "Diýdiñ: Gelin bolup görkezeýinmi?.." / Goşgular - 14.02.2024 |
√ Mürze ýigit / Goşgular - 12.03.2024 |
√ Rubagylar / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Hakyky şahyr / Goşgular - 08.05.2024 |
√ Çarwa arabyñ söýgüsi / Goşgular - 10.02.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |