04:21 Gözellik | |
GÖZELLIK
Şeýle tämiz güller bitýär ýazyna, Şerap içen ýaly göçýär-de kelläň, Özüňem aňşyrman, çöküp dyzyňa Ysgaýaň ýolmaga milt edip bilmän. Şeýle bir gyzlar bar, misli bir hyýal, Baglara seýl eder şuglasyn saçyp, Olara kilçerip lak atmaga däl, Hatda galarsyň sen agzyňy açyp. Şeýle bir goşgy bar, şeýle bir goşgy, Okabam bilmersiň labzyny ýoýup. Oňa öýkünmeg-ä beýle-de dursun, Ýazmaňam goýarsyň meňki däl diýip... Eger ýürek diýlen bar bolsa sende Gözellik özüne maýyl edýändir. Gözellik däl, özün gorap bilmese, Ýoýup bolýan bolsa gözellik däldir! Nobatguly REJEBOW. | |
|
√ Ýasama gül / Goşgular - 15.05.2024 |
√ Nädip ýaşamaly?! / Goşgular - 13.01.2024 |
√ Eýdip-beýdip... / edebi ýaňsylama / Goşgular - 12.01.2024 |
√ "Gitdim senden ilerledip ümzügi..." / Goşgular - 01.01.2024 |
√ "Garrap ýörünmi ýa men..." / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Tilki bilen üzüm / basnýa / Goşgular - 10.01.2024 |
√ Ömrümiñ manysy bolmaly zenan / Goşgular - 05.02.2024 |
√ Suwdan ot çykaran goşgy / Goşgular - 31.01.2024 |
√ Ýolbars we Möjek / basnýa / Goşgular - 05.01.2024 |
√ "Ulag gidip barýar..." / Goşgular - 28.04.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |