12:28 Gybatkeşler | |
GYBATKEŞLER
Üç zibil ýaşik bar öýümiñ ýanynda, Ýere-göge pitjiñ atyp oturan. Içindäki taşlandylar ýananda, Hapa ysyn dünýä satyp oturan. Tämizligi özlerinden daş edip, Gözelligi duşman edip otyrlar. Bedre känin, gorşok baryn boşadyp, Darlygyna puşman edip otyrlar. ...Üç sany gybatkeş dördünji gatdan Zibil ýaşiklere garap otyrlar. Gazal okap berip ol kyýamatdan, Halky "harap edip", harap otyrlar. Hakykat her gezek gaýdýar gutaryp, Janalgyç sezany diñdirjek bolup. Olañ hersi bir burçundan göterip, Dyzaýar dünýäni düñderjek bolup. Ýeñe degýär hapa döken wagtymyz Ýaşikleriñ erñeginiñ ýoklary. Dünýäñ dört tarapy ~ biziñ bagtymyz Hem dördünji gybatkeşiñ ýoklugy... Torum ÝAÝLAN BATAŞY. | |
|
√ Победителям / Goşgular - 29.02.2024 |
√ Owadan pyçak hakynda erteki / Goşgular - 09.04.2024 |
√ Rubagylar / Goşgular - 13.01.2024 |
√ Ömrümiñ manysy bolmaly zenan / Goşgular - 05.02.2024 |
√ Erjellik / Goşgular - 05.01.2024 |
√ Göreş / Goşgular - 11.02.2024 |
√ Garyp köñlümiñ soltany / Goşgular - 21.02.2024 |
√ «Отвергнув гордое сомненье…» / Goşgular - 29.02.2024 |
√ Düýşgowuran / Goşgular - 08.04.2024 |
√ Alabahar / Goşgular - 21.03.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |