08:15 Hökümdar hem halypa hakynda hekaýat | |
Hökümdar hem halypa hakynda hekaýat
Ýurduñ hökümdary günleñ bir güni Öz halypasyndan soranmyş şuny: "Kemiñ bolsa iýmek-geýmek babatda, Maña duýduraýgyn ýagdaýyñ hakda". Halypa şeý diýen: "Eý, keremli şa, Meniñ üçin batma gaýgy-endişä, Iki sany gul bar meniñ elimde, Olar ykbalyñy çözýär seniñ-de!" Şanyñ ýüregine düşüpdir dowul: "Meñ ykbalym çözýän o neneñsi gul?" Halypa patyşañ gözlerne bakan "O gullaryñ ady - isleg hem gahar. Şol ikisi meniñ erkime tabyn, Mundan artyk düşündirip durmaýyn. Eger-de kim bolsa şolaryñ guly, Günä gazanýandyr uludan-uly. Sen - şa, näme etseñ, eliñde erkiñ, Gowudyr öz çakyn tanasa her kim. Hemmäni deñ çoýar asmanda güneş, Hergiz men-menlikden durawergin daş". | |
|
√ Nädip ýaşamaly?! / Goşgular - 13.01.2024 |
√ Çarwa arabyñ söýgüsi / Goşgular - 10.02.2024 |
√ «Превратила всё в шутку сначала…» / Goşgular - 29.02.2024 |
√ Aýandyr bary / Goşgular - 17.05.2024 |
√ "Ulag gidip barýar..." / Goşgular - 28.04.2024 |
√ Nar / Goşgular - 22.04.2024 |
√ Wiswisi lakamly obadaşymyň ömür beýany / Goşgular - 25.03.2024 |
√ Ýasama gül / Goşgular - 15.05.2024 |
√ Hasap / Goşgular - 18.02.2024 |
√ Nokat / Goşgular - 28.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |