04:49

Исповедь -2/ продолжение

Категория: Edebi makalalar | Просмотров: 306 | Добавил: Haweran | Теги: Lew Tolstoý | Рейтинг: 3.0/1
Awtoryň başga makalalary

Edebi makalalar bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 19
0
1 Bagabat  
43
Şuny, başarsaň gaty ir okamaly däl. Söz ussatlygy, öz başyndan geçirýän duýgusyny, hupbatly pikirini okaýanlaň ýüregine, aňyna salmagy gaty gowy başarmak ussatlygy - söz jadysy oňa berlen. Şoň üçinem, oň 54 ýaşda başyndan geçirýän ("Toba"-ny Tolstoý 1882-nji ýylda ýazypdyr) krizisli duýgusyny 17-18 ýaşly "dogry" özleşdirip bilmeýär. Hasam, ol çakdan aşa "впечатлительный" bolsa. Onsoň dünýeden doýmak, hemme ýerde we hemme zatda tümlügi görmek, durmuşy, Älemi bimany, bihuda hasaplamak... Bu duýgular - adamy ruhy azabyň aýlawyndan geçirip, ruhy taýdan kämilleşdirmeklige gönükdirilmeýän bolsa, onda olar Şeýtany bolýar. Ýöne ýere türkmen dilinde "ynam-many" palindrom sözler däl bolsa gerek. Ynansaň - many çaýylýar. Ynanmasaň - bimanylyk.
Bir kitapda okapdym: "Şeýtan dünýä gelip, ilki bilen näme etdi?" diýip soralýar. Soňam jogap berilýär: "Hemmeleri özüniň ýokdugyna ynandyrdy. Çünki ol ýok - diýmek hiç zadam ýok (ýagny: "Men ýok - hiç zat ýok. Men bar - Hemme zat bar")".

0
2 Bagabat  
43
Ynam - näme?
Pikirmi ýa-da duýgy?
Elbetde, ol ilkinji nobatda duýgy. Sebäbi pikir logika hem-de ynsanyň dialektiki materializm düşünjesiniň emele gelmeginiň özeninde duran bäş duýgusyna daýanýar: 1.Görmek; 2.Eşitmek;, 3.Syzmak; 4.Ys almak; 5.Tagam saýgarmak. Ynam bolsa köplenç logika esaslanmaýar. Ol bar ýa-da ýok.
Adatça: "Näme üçin ynanýaň?" diýen soragy bermegiň özi absurd.
Elbetde adam gatnaşyklarynda, gündelik durmuşda bu beýle däl. Ynamyň öz mantygy bolýar.
Mysal üçin:
Şu adama näme üçin ynanýaň?
Sebäbi ol şu güne çenli hiç kimi aldamady. Beren wadasynda durýar. Eger-de durmuşy hadysalar sebäpli (hukukçalasaň: "öňüni alyp bolmajak güýjüň täsiri" diýilýä :-)) sözünde durup bilmejek bolsa, hökman ýagdaýyny düşündirýär. "Nämmolsaň şo bolsan-aý!" diýip owarrama salmaýa...we ş.m..
Ýa-da:
Näme üçin şu wakaň hut şeýle bolandygyna ynanýaň?
Sebäbi şo wakaň hut şeýle bolandygyny resmi yglan eden ynama mynasyp, ygtybarly çeşmeleriň maglumatlary bar. Olar bolsa şu günki güne çenli feýk-nýus ýaýratmaýardylar. Eger-de bir säwlik bilen ýaýradaýsalaram, ýalňyşlaryny bilen dessine öz hatalary üçin ötünç sorap, säwliklerini düzetmegiň alajyny görýärler we ş.m..
Emma, "ýokary materiýalar" diýlip atlandyrylýan abstrakt oýlanmalarda, mysal üçin, Älemiň emele gelmeginiň syry, Adamzadyň gelip çykyşynyň obýektiw-ylmy däl-de, mifiki-teologik esaslandyrmasy, "Jomolungma derýamy ýa-da deňiz? (degişýän :-))" we ş.m. zatlarda ynam aglaba köp ýagdaýlarda logika esaslanmaýar. Häzirki döwürde esaslanybam bilmez. Sebäbi logika seljerme geçirip, "iki goşmak ikiň deňdir dört" bolýandygyny subut etmek üçin ýeterlik maglumat gory zerur. Adamzady gozgaýan "ýokary materiýalaň" köpüsi boýunça bolsa, şeýle "ýeterlik maglumat gory" nöw. Zero ýakyn. Zerony bolsa näçe zero köpeltseňem ýene-de zero çykýa. Şeýlelikde, ýokary materiýalara gezek gelende ýa ynanýaň ýa-da ynanaňok.
Elbetde, güzerany bilen bolup ýören ýa-da bar gaýgysy gara garny bilen eşik-peşik bolan adam üçin bu zatlaň kwintion ýyldanam derkary ýok. Ýöne, käbir adamlary Allatagala (şuň ýaly ýerde naturalistlerdir ateistler: "tebigat" diýseň ekstaza gelýäler:-)): "diňe çörek bilen adam däl-de, başga-da kän zatlar gerek" edip ýaradýar.
Diýmek, hut zanny-ýasawy şeýle bolanlar üçin, uzyn "moh-mohuň" gysga "juk-jukuny" aýtsam, durmuşyňda, öz ömrüňde many tapjak bolsaň diňe ynanmaga mejbur bolýaň. Başga ýoly ýok.
Ýogsa-da, honha, 54 ýaşda gam basan göwnüniň lapykeçligini serpmäge howlugýan ýokardaky awtoryň aýdýany galýa: "Обманывать себя нечего. Все – суета. Счастлив, кто не родился, смерть лучше жизни; надо избавиться от нее.".
Türk gardaşlarmyz aýtmyş: “sadeсe” aýdaňda: “Öl!” diýýä-dä.
Ekkleziast: "Köp bilimde gussa köp. Kimde-kim bilimini artdyrýan bolsa, şol gam-gussasynam artdyrýandyr" diýipdir. Meň pikirimç-ä, bu tymsalyň birinji jümlesinde bilimlilik däl-de köpbilmişlik göz öňünde tutulýarmyka diýýän.
Hemme zady dürs tutup garamaga endik eden seljerijilik, öwrenijilik, akyl ýetireniňi özgeler bilen paýlaşyjylyk ukybyna - bilim diýilýär.
Hemme zady ompa oturdyp ýa-da gyýarak saklap, oňa-da "süýde siňe seretseň gan görkezýän" ulaldyjy aýnaň - lupaň astyndan seretmäge we her aýdýan zadyňy görlüp-eşidilmedik açyş derejesinde, asmandan inen wahý derejesinde "dür saçmaga" endik eden danasyramaga-da - köpbilmişlik diýilýär.
Köpbilmişligiň başlanýan ýerinde-de ynam kemelmäge başlaýar.

0
3 Елена_Прекрасная  
462
Hemme zady dürs tutup garamaga endik eden seljerijilik, öwrenijilik, akyl ýetireniňi özgeler bilen paýlaşyjylyk ukybyna - bilim diýilýär.
Hemme zady ompa oturdyp ýa-da gyýarak saklap, oňa-da "süýde siňe seretseň gan görkezýän" ulaldyjy aýnaň - lupaň astyndan seretmäge we her aýdýan zadyňy görlüp-eşidilmedik açyş derejesinde, asmandan inen wahý derejesinde "dür saçmaga" endik eden danasyramaga-da - köpbilmişlik diýilýär.
Köpbilmişligiň başlanýan ýerinde-de ynam kemelmäge başlaýar. :))) solo sun rio. Janyñ sag bolsun!

0
4 Sergezzan  
707
Durmuşyň özbaşyna manysy yok. Durmuş many döretme mümkünçiligidir. Manynyň açylmagy däl-de, döredilmegi gerek. Many diňe yaradandan taparsyň. OŞO

0
5 Sergezzan  
707
Sufizm bir sistem degildir. Varoluş için hicbir açiklamasi yoktur. O, varoluşuň gizlemlerne dogru ilerleyen bir yoldur. Hicbir şey aciklamaz yalniz gizleri gösterir.

0
6 Sergezzan  
707
Bilgelik kalpten gelir. Akilla ilgisi yokdur. Bilgelik, varligin derin noktasindan cikar. Kafaya ait degildir. OSHA

0
7 Sergezzan  
707
Ne kadar cok düşünürsen, egon o kadar ortaya cikar. Ego, geçmişte birikmiş düşünçelerden başka birşey degldir. Sen olmadigin zaman Tanri vardir. Ishte yaraticilik budur.

0
8 Sergezzan  
707
Zihin tipki kalabalik gibidir. Duşünceler bireylerdir. Ve düşünceler sürekli orada olduklari süreciň maddi oldugnu düşüniyorsun. Her bir düşünceyi birak ve en sonunda hiçbir şey kalmaz. Zihin diye bir şey yokdur, sadece duşunce vardir.

0
9 Sergezzan  
707
Yaşam kisa degl, sonsuzdur. Var oluşan acele icinde oldugnu gördünmi hic? Mevsimler zamaninda gelir, çiçekler zamani gelince acar, agaclar hayat kisa dize hizli büyumek icin koşuşturmazlar. Tüm var oluş, yaşamin sonsuzlugnun farkinda gibi görnür

0
10 Revo  
484
Serdar aga bir sorag: Eger bir çaga dogabitdi ker we kör dünýä inse we öz şahsy tejribesinde ýa-da başga bir ynsan tarapyndan ynam diýilýän düşünje bilen tanyşmasa ýa-da tanyşdyrylmasa (ynam diýilýän pikir umuman daşardan aňa ýetmese), çaga ynamy duýup bilermi we duýup bilse onuň ynamy nämä ýa-da nähili görnüşde bolar?

0
12 Bagabat  
43
@Revo, düşündim näme diýjek bolýanyňa. "Ynam" - pikir, ony daşyndan aýtmasalar ýa-da has dogrusy, kimdir biri aýtmasa (Jebraýyl perişde, pygamber, pir, weli, wagyzçy, mugallym, kakasy, ejesi, dosty, Beýik Lenin we ş.m.) öz-özünden döremeýär" diýjek bolýaň dälmi?
Jedelli pikir.
Elbetde, äheňinden meň aýdan zatlam hem aksiomalyk titulyna dalaş edýän ýaly bolup görnen (okalan :-)) bolmagy ahmal.
Ýöne bu beýle däl.
Meňkem.
Seňkem.
Sebäbi Ýaradana ynam meselesinde, logika esaslanýan aksiomany - jedelsiz hakykaty adam aýdyp bilmeýä. Mümkinçiligi ýok. "Кишка тонька" diýýä, oruslar.
Indi seň pikiriň hakda. Jogabyň warianty millionlarça. Ýöne, tümmekläp iki sany esasy nukdaýnazardan berip bolýar:
1. Mifiki-teologiki nukdaýnazardan;
2. Obýektiw-ylmy nukdaýnazardan.
Indi senem-menem "ynam" diýenimizde ilkinji nobatda Haka - Ýaradana bolan ynamy göz öňünde tutýandyrys diýen gipoteza esaslanmaly bolýa. Sebäbi sen bir zady, men bir zady ýa-da başga zatlary göz öňünde tutýan bolsak, onda biziň polemikamyz manysyz bolýa. "Kör bir ýana, ker bir ýana" diýen ýaly. Ýa-da: "Men näme diýýän, dutarym näme diýýä" diýen ýaly.
Indi seň modelirlän ýagdaýyňdaky şertlerden ugur alaly.
Ýogsa, durmuşda, Nuryşka aýtmyş: "Eýlesi ýetmiş, beýlesi ýetmiş dörtburçam bir ýylan bormy?" diýşi ýaly, kör-ker dünýä inen çagaň hökman ata-enesi däl, başga bir adamlar tarapyndan hiç zat öwredilmän, güň edilip saklanyljak ýa-da oň özüniň galan duýgularynyň kömegi bilen daşky dünýäden özleşdirmäge we seljermäge maglumat alman düýpgöter absolýut wakuumda ýaşajak ýagdaýyny göz öňüne getirmek juda kyn :-).
Bolýar. Bar teoriýada şeýle ýagdaý mümkin diýeli.
Indi, Ýaradana ynamyň ilkinji nobatda mifiki-teologiki düşünjedigin-ä inkär etmeseň gerek. Sebäbi haýsydyr bir matematigiň Ýaradan bardygyny ýa-da ýokdugyny, özem edil Mukaddes Kitaplarda beýan edilen Görnüşdedigini inkär eden ýa-da subut eden formulasynyň bardygyny men-ä eşidemok. Belki, eşidenler, okanlar bardyr.
Diýmek, mifiki-teologiki düşünjäni hut şo nukdaýnazaryň kömegi bilenem seljermäge çalyşmalymyka diýýän. Ýogsa, ýene-de ýaňky aýdyşym ýaly, ganyň toparyny himiki seljeriş usulynyň kömegi bilen däl-de, domna pejinde demir magdanyndan çoýny almagyň usulynda anyklamaga çytraşmak ýaly bir zat bolýar.
Mifiki-teologiki nukdaýnazar bolsa, Ýaradana ynamyň öz-özünden, hiç kim aýtmasyz emele gelmegi barada şeýle diýýär:

0
13 Bagabat  
43
Muhammet alaýhyssalamyň nury ol ýerde günden hem röwşenlik saçyp, Arşy, Kürsi, Lowhy, Galamy, jenneti nurlandyryp durdy. Bu nur göýä Taňrynyň bir hazynasydy. Allatagala aşaky äleme, ýokarky äleme, Arşa, Kürse, Lowha we Galama: «Kim bu nepis göwheri saklap biljek?» diýip, jar çekdirdi. Hiç bir zatdan: «Men ony saklap biljek» diýip,‎ ses çykmady. Bir garaňky perdeden: «Bu amanaty saklamaga men mynasypdyryn we men bu işi kabul edýärin» di‎ýen owaz geldi. Bu ses hezreti Adam alaýhyssalamyň perzentleriniň owazydy. Emma entek olardan hiç bir nam-nyşan ýokdy.

Nasyreddin Rabguzy "Kysasyl-Enbiýa".

Bu kitapdan ýene-de bir alynma:

Elkyssa, şol misak gününde Allatagaladan: «Eý, halaýyk! Siz kimsiňiz we men kimdirin?» di‎ýen owaz geldi. Olar: «Sen biziň Taňrymyzsyň. Biz hem seniň ejiz bendeleriňdiris» di‎ýdiler.

Şeýlelikde, entek adamzat ýaradylmanka, heniz pygamberler ýokka, seň aýdýanyň: "hiç kim hiç kime hiç zat aýtmanka"-da entek dünýäde ýok ynsan perzentleriniň ruhlary öz Rebbini bilýärdiler.

Bu delile: "Olaň aňyna bu bilimi Onuň Özi saldy" diýip bolýar. Ýene-de "Biriniň" "aýtdygy" bolýa, şeýlemi :-)?!
Onda, şol ker-kör "hiç kimiň hiç zat aýtmaýan çagasy"-nyň kalbyna-da şol entek ýok ynsanlaň ruhuna şol Bilimi Salan şol Bilimi salmazmy?!

Eger-de, bu aýdýan ýagdaýyň beýleki, munuň ýaly has Belent ynam hakda däl-de, adaty "ynamlar", gündelik "ynamlar" hakda bolsa, onda başga gep.
Şu ýerde, hiç kimiň göwnüne degmek islämok, ýöne, ýaňky modelirlenen ýagdaý bilen baglylykda bir anekdot ýadyma düşdi. "Dile geldi, bile geldi", aýdaýyn (ýagny, ýazaýyn :-)):
19-njy asyryň ahyrynda, Rus patyşalygynda, döşlerinde orden-medaldan ýaňa ýer ýok generallary bir ýere jemläp, goşun üçin iň aňrybaşy gowy atyň nähili bolmalydygyny kesgitlemegi haýyş edipdirler. Soňra olaryň beýan eden isleg-arzuwlaryny jemläp, netije çykaranlarynda harby maksatlar üçin iň gowy atyň tos-togalak sypatdaky, wakuumda uçýan, hiç wagt iým iýmeýän, derlemeýän we ş.m. hereketleri etmeýän, gyzylymtyl reňkli atdygy anyklanypdyr...

0
14 Bagabat  
43
Umuman, her näme diýseňem, her kimiň öz pikirinde galjakdygyna düşünýän. Ýöne, onda-da, gyzyklandyranyň üçin minnetdarlyk bildirmek bilen soragyňa ýaňkym ýaly uzyn däl-de, gysgajyk jogap berip, öz pikirimi jemlejek bolaýyn:
Ynam - bu ilkinji nobatda duýgy. Sebäbi şol duýgy, ynanmak bolmasa, özüňi nämedir bir zada ynandyrjak bolup näçe pikirlen, başa barmaz (Has takygy, kadadan çykma bolup biler, dogabitdi logikler üçin, ýöne aglaba köp ýagdaýlarda şeýle). Ynama düşünmek, oňa akyl ýetirmek, ýagny pikir bolsa, adatça soňundan gelýär. Olam öz gezeginde ýa ynamyň has berkemegine getirýär, ýa-da adamyň müňkürlige berlip, gowşamagyna.
Bu ýazylanlar, ýene-de bir gezek belleýän: "ýokary materiýalar" hakdaky ynama degişlilikde şeýle diýip hasap edýän. "Gündelik" ynamlar hakda, olaň nämä esaslanýandygy hakda başky teswirde ýazypdym.

0
11 Bagabat  
43
Agam salawmaleýkim. Ýaşuly, sowalyňyza jogap berjek bolup, kelläm gyzdy-da, köpräk ýazaýypdyryn :-). "Teswire sygmaz" bahanasy bilen soragyňyzyň jogabyny, şu saýtda täze tema edip açaýdym. Belki, peýdasy deger. Stress hakda temaň salgysy: http://kitapcy.com/news/stress_we_distress_hakda/2021-12-17-18672.

0
15 Revo  
484
Serdar aga, men başga tarapdan baryp göreýin. Arada telewizor kanallarynyň (belgesel kanal) birinde "haýwanlaryň ölümden gorkmaýandyklaryny" aýtdylar. Örän geň galdym. Sebäbi, janly barlyklaryň içindä iň kämilä biz, ýöne, biziň ömür gorkýan ölümimizden, ölüm gorkumyzdan üstün çykanam - olar (haýwanlar). Görüp otursam haýwanlar ölüm prosesine düşünmeýän ekenler. Ýagny, ölümiň nähili zatdygyny bilmeýärler, öleniňden soň, sorag-jogabyň başlaýanyny, näçe müň ýyllap ýanyp duran dowzah atly ebedi odyň garaşyp duranyndan habarlary ýok eken. Menem bu habary eşdip, ölüm we ölüm gorkusy hakda az-owlak adatdan daşgynrak pikirlenmeli boldum. Haçan, nädip, näme üçin, bu gorky mende döredi?! Ilki jahana gelenimdemi, ýa üç ýaşlykam ilki ölüm sözi bilen sataşyp görenimdemi, bolmasa on ýaşlarymda ilki gonamçylyga gidenimdedir, ýada müňlerçe dowzah, magşar güni, jebir-jepa, sorag-jogap barada dini maglumatlary alanymdadyr?! Garaz haýsyndadygyna anyk aýdyp biljekdäl welin, şeýdip menem ölümden gorkmany öwrendim ýada mende-de gorky duýgusy döredi.))
(Serdar aga, orta tap pikirlerim üçin bagyşlarsyňyzda, birem aýtjak bolan zatlaryma düşünensiňiz diýip umyt etýän :) )

0
19 Bagabat  
43
Birinji bilen aýtmaly zadym: @Revo, ýaşlar aýtmyşlaýyn: "hopçulaýa" :-) diýip düşünme. Ýöne, pikirleň ortatap däl. Sagdyn. Seljermäni, meseleleň (aýdylýan, ýazylýan zatlaň) dürli tarapyndan baryp görmäni gowy görýändigiň, üstesine-de seýrek duş gelýän zat, şony salyhatlylyk bilen başarýandygyň mese-mälim bildirýär. Adatça, munuň ýaly bilesigeliji, seljeriji, derňewçi aň alymlarda bolýar. Şoň üçinem, şeýle söhbetdeş bilen pikir alyşmak gyzykly bolýar. Sebäbi her bir aýtjak jümläňi ýetmiş ýedi gezek çeýnäp, hetjikläp aýtmaga mejbur bolmaýaň.
Indi, teswirde aýdan pikiriň boýunça:
"Refleksler we instinktler" diýip bir zat bar:

Refleks (latynça: reflexus - serpigen, serpikdirilen) - bu diri organizmiň reseptorlarynyň gatnaşmagynda we nerw ulgamynyň dolandyrmagynda, haýsydyr bir görnüşdäki gyjyndyrmalara bolan birmeňzeş şertlerde birmeňzeş häsiýetli (stereotipleýin, standart) reaksiýasiýadyr. Refleksler nerw ulgamy bolan köpöýjükli diri organizmlerde bardyr we reflektor egremçäň (dugaň) üsti bilen amala aşyrylýandyr. Refleks - nerw ulgamynyň işjeňliginiň esasy görnüşidir.

Şertsiz refleksler - bu diri organizme gen (gan) arkaly geçýän, diri organizmiň degişli tebigy ýagdaý ýüze çykan badyna herekete girýän reaksiýasydyr. Mysal üçin: haýwanda, ynsanda oduň çakdan aşa gyzgynyny duýan dessine biygtyýar yza tesmek ýa-da naharyň ysyny alan dessine hyllygynyň akyp başlamagy we ş.m.

Şertli refleksler bolsa, haýsydyr bir şertsiz refleks bilen baglylykda diri organizmiň nerw ulgamynyň özüne belläp galan täsiri, hadysasy bolýar. Mysal üçin, gundagdaky çaga el süýdi bilen iýmitlendirilýän bolsa, ol birnäçe gezek gury süýde suw garylyanda çüýşä çemçe degip "şyňňyrdaýandygyny" eşitse we ony belläp galsa, soň şol "şyňňyrdyny" eşiden dessine onuň şertsiz refleksi, ýagny sülekeý bölünip çykma prosesi emele gelýär.

Indi, instinkt (latynça: instinctus - gönükdirilen, höweslendirilen, iterilen) - bu diri organizmiň ol ýa-da beýleki bir ýagdaýlarda öz-özünden herekete girýän (awtomatiki) dogabitdi tebigy ymtylmalarynyň we häsiýetleriniň jemidir. Ýönekeý aýdylanda, ol ýa-da beýleki bir ýagdaýlarda özüňi alyp barmagyň dogabitdi görnüşidir.

"Öz-özüňi goramak, janyňy aýamak instinktem, howpdan gaçmak we/ýa-da goranmak refleksem haýwanlarda, ynsanlarda dogabitdi, tebigy bar zat" diýip biologiýa öwredýär.

Elbetde, haýwanlarda adamyňky ýaly analiz etmäge, abstrakt oýlanmaga, ýagny görmedik zatlaryna hyýalynyň hem-de analitikanyň kömegi bilen akyl ýetirmäge mümkinçilik berýän, ösen beýni ulgamy ýok. Şoň üçinem olar, ölümden soňky hadysa, o dünýä düşünjelerine akyl ýetirip bilmeýärler. Emma, ölümden elheder almak - bu instinkt.
Instinkti düşünjeli emosiýa derejesine göterýän zat bolsa – aň.

0
16 Garayolly1936  
830
Саг бол, Багабат!

0
18 Bagabat  
43
Janyňyz sag bolsun, ýaşuly.

0
17 Garayolly1936  
830
Саг бол, Багабат!

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]