13:17 Joşman geçen günleñ aýdymyn aýdyp... | |
JOŞMAN GEÇEN GÜNLEÑ AÝDYMYN AÝDYP...
Özüñ aýtmyslaýyn "bilbiliñdim" men, Uçurdy tãleýim alys künjege. Ýürek ýakyn, ara uzak ölçärden Mydam göwnüm gül roýuñdan güýç alar. Dolanaryn! Ýüreklermiz ynjalar, Sen meni ýazgarma, menden ynjama. Bu ýerde üýtgesik,her dürli guslañ, Her gün aýry güle gonup saýraýsy. Ýedi gat asmandan ýagýan ýagyslañ Täsin- ýagman su guslaryñ üstüne, Baýrynyp özüniñ gadym kesbine Meniñ ganat-perlerime paýraýsy. Ýöne sükür,ygtyýarym elimde, Seni-yzda galan ýary unutman. Ykbal! Aýra salsañ-da sen gülimden, Alsañ-da ömürden sat günlerimi, Gysdyrsañ-da käte eginlerimi, Aýyrmawer meni ýagsy umytdan. Belki synaýandyr ýazgytlar bizi, Her niçigem bolsa,asgyn gelmerin. Çalysmagym mümkin gije-gündizi, Emma çalsyp basarmaryn hiç-haçan, Ýaslygyma söýgi bilen nur saçan, Wadasyny sol mähriban dilberiñ. Garas maña hökman bararyn gaýdyp, Gül meñziñi synlap melul bolaryn. Josman geçen günleñ aýdymyn aýdyp, Mukaddes wadaña mynasyp heñde Sirin aýdym aýdyp ýetismesem-de, Owaz bolup gopuzyña gonaryn. Muhammetmyrat NAZAROW. | |
|
√ Şemally gün / Goşgular - 27.01.2024 |
√ Ömrümiñ manysy bolmaly zenan / Goşgular - 05.02.2024 |
√ Nar / Goşgular - 22.04.2024 |
√ Gije hem gündiz / Goşgular - 07.02.2024 |
√ Düýş hem ýagyş / Goşgular - 09.01.2024 |
√ Gowy görülen goşgy / Goşgular - 05.01.2024 |
√ Täjir tanşyma / Goşgular - 16.01.2024 |
√ Alabahar / Goşgular - 21.03.2024 |
√ Ýagyş damjasy / Goşgular - 24.03.2024 |
√ Mähremlikden nyşan sen... / Goşgular - 08.05.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |