14:31 Kaka! | |
KAKA!
Sen gideñsoñ dünýämizden aýrylyp, Üstümi çal duman büredi, kaka! Gursagymdan bir zat sogrulan ýaly, Içimde bir boşluk döredi, kaka! Ol boşlugy hiç zat dolup bilenok, Ýogsa, ýetik şükür bilen toba-da. Kaka, sen bolmasañ, az bolýar eken, Barsam gujak gerýän tutuş oba-da. Ýaradandan razy! Ömrüñ dowamy, Señ ýaýran nahallañ boý alýa, kaka! Baryñda panyny bakydyr öýden, Gyzyñ öñküden-de, goýalýa, kaka! Indi bu dünýäñi hem o dünýäñi, Bilýän,aýamaly gyzyñ men, kaka! Goý,sebäp bolaýyn şu günden şeýläk, Arkaýyn ýatmagña, yzyñdan, kaka! Gyzylgül ANNAGYLYJOWA. | |
|
√ "Diýdiñ: Gelin bolup görkezeýinmi?.." / Goşgular - 14.02.2024 |
√ Tilki bilen üzüm / basnýa / Goşgular - 10.01.2024 |
√ Ýogaldy / Goşgular - 05.05.2024 |
√ Aýandyr bary / Goşgular - 17.05.2024 |
√ Ýagyş damjasy / Goşgular - 24.03.2024 |
√ At galar / Goşgular - 11.02.2024 |
√ Lenç edilen nakyl / Goşgular - 05.02.2024 |
√ Alla dälmidir / Goşgular - 16.05.2024 |
√ Aldawçynyñ pañ-pañy / Goşgular - 18.01.2024 |
√ Suwdan ot çykaran goşgy / Goşgular - 31.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |