20:06 Käşgä seni söýmän oñup bolsady... | |
KÄŞGÄ SENI SÖÝMÄN OÑUP BOLSADY...
Käşgä seni söýmän oňup bolsady, Bolmasady nazaryňda jady seň. Maňa yşkyň bilen beren derdiňi, Yşkyň bilen bejersediň ýa-da sen. Men onda kalbymy paralap, beýdip, Gamgyn setirlere siňip gitmezdim. Diňe şygryýete syrymy aýdyp, Diňe şygyr bilen oňşuk etmezdim. Bireýýäm çykardym çäginden şygryň, Goşgy çyrşamazdym mazara çenli Hem meniň bu gussa eýlenen şygrym Ýatladyp ýörmezdi maňa geçenmi. Ýok, men närazy däl beýle ykbaldan, Täleýimde ýoklugyňa aglamok. Ýöne indi maňa goşgy ýazmakdan Gaýry ýoluň bardygyny aňlamok. Ahmyrym ýok uçranyma yşka meň, Ökünemok yşkyň ýakanna meni. Ýöne kesä çekmesinler, goşgulam käte gussalyrak çykanda weli. Köňül mydam şatlyk bilen gaýanok, Ýazsam diýýäň kä jibrine-jibrine. Adam diňe şatlygyny ýaýanok, Hasratyňam salyp bor-a şygryňa! Hojaberdi ÇARYÝEW | |
|
√ Goltugy daşly adam / Goşgular - 05.01.2024 |
√ Alabahar / Goşgular - 21.03.2024 |
√ Atsyz goşgy / Goşgular - 31.01.2024 |
√ Wiswisi lakamly obadaşymyň ömür beýany / Goşgular - 25.03.2024 |
√ Жизнь / Goşgular - 29.02.2024 |
√ Käbir aýallara melek diýýäñiz / Goşgular - 04.02.2024 |
√ "Bagşylara" / Goşgular - 07.02.2024 |
√ Şäher merine / Goşgular - 12.05.2024 |
√ Içgepletme / Goşgular - 12.05.2024 |
√ Nädip ýaşamaly?! / Goşgular - 13.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |