16:54 Köne metjit | |
KÖNE METJIT
Galdy metjit obamyzyň çetinde, Galdy täze obamyzdan saýlanyp. “Nirä gitdi ol hudaýhon adamlar?..” Diýip otyr metjit gamgyn oýlanyp. Ol bir hudaý bilen düşünşip bilýär, Adamlara habar gatyp bilenok. “Indi men näderkäm bu dünýä şeýle Dowam etse...” diýip, ýatyp bilenok Gelýän bar ýanyna, Garap durýan bar, Gamlanýan ýok, gaýtam ýaňlanýar mukam. Metjidem oýlanýar: “Indi şulary Geň galdyrmak üçin durmalymykam?!” Nury BAÝRAMOW. | |
|
√ Düýş hem ýagyş / Goşgular - 09.01.2024 |
√ Ene hakynda / Goşgular - 28.05.2024 |
√ Garaş maňa / Goşgular - 17.02.2024 |
√ Soltan / Goşgular - 27.03.2024 |
√ Içgepletme / Goşgular - 12.05.2024 |
√ Moskwadan görýärler / Goşgular - 30.01.2024 |
√ Ata-ene hakynda / Goşgular - 18.05.2024 |
√ Geçmişden bir ahwal ýa-da Sanjar hekaýaty / Goşgular - 17.05.2024 |
√ Estagfurullaly bentler / Goşgular - 14.02.2024 |
√ Owadan pyçak hakynda erteki / Goşgular - 09.04.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |