06:35 Lutf birle jud eýle... | |
Hezreti Ebu BEKIR SYDDYK
▶ Lutf birle jud eýle... Lutf birle jud eýle ýa Reb, bolsa-da haýrym kalyl, Müflis men, gapyña geldim, bir nazar sal, ya Jelil! Juda köp bolsa-da zenbim, bagyşla geç günämi, Bir garyp, ykmanda, müznib guluñ, bolşum zelil. Menden pitne hem unutmak, yzly-yzyna hata; Senden bolsa fazly-kerem, munça yhsany-jezil. Diýr menem: "Ya Reb! Günähim köp çäge deý, Geç bulary, bagyşla Sen, eýleýip safhy-jemil. Niçik bolar, erte halym! Etmedim salyh amal, Bet işim agdyk bolupdyr, tagat azygym kalyl. Her dürli emrazy dep et, hajatym eýle rowa, Şafy Sensiñ, hassa kalbym, derman istär bu alyl. Ýakmasyn dowzahyñ nary men guluñy, soñunda, Ýanmady "Ýá náru kúny berden" emriñ bilen Halyl. Şafy Sensiñ, kafy Sensiñ, her möhüm işde maña, Rebbim bolduñ, hasbim ol hem seni edindim wekil. Kenzi-fazly ber maña kim, sahawatly Wahhapsyñ, Ber könlümiñ her myradyn, ýolda ol maña delil. Bir uly mülki bagyşla, howpdan halas et bizi, Rebbimiz! Magşarda kazy Sen, nidajyn Jebraýyl. Nirde Musa, nirde İsa, nirde Ýahya, nirde Nuh? Asysyñ Syddyk barybir, toba et, Möwlam Jelil. *Sözlük: 1). Lutf etmek- haýyr-yhsan, ýagşylyk etmek; 2). Jud eýlemek - jomartlyk etmek, eçilmek; 3). Kalyl - az, ujypsyz; 4). Zenbim - günäm, zenb - günä; 5). Müznib - etmişli, günäli; 6) Yhsany-jezil - uçursyz yhsan, jezil - çäksiz, ummasyz; 7). Emraz - hassalyk, dert-kesel; 8). Kafy - kepil; 9). Nidajyn - nidaçy, ýagny jarçy. | |
|
√ Mähremlikden nyşan sen... / Goşgular - 08.05.2024 |
√ "At bilen kowalap gördüler ony..." / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Çarwa arabyñ söýgüsi / Goşgular - 10.02.2024 |
√ Tazy / Goşgular - 30.01.2024 |
√ Gowy görülen goşgy / Goşgular - 05.01.2024 |
√ Garaş maňa / Goşgular - 17.02.2024 |
√ Tilki bilen üzüm / basnýa / Goşgular - 10.01.2024 |
√ Ýagyş damjasy / Goşgular - 24.03.2024 |
√ Sowuk söz / Goşgular - 31.01.2024 |
√ Geçmişden bir ahwal ýa-da Sanjar hekaýaty / Goşgular - 17.05.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |