07:48 Magtymguly taglymatynyñ esaslary -8: Şerap teswiri | |
8. Şerap teswiri Adamzadyň ruhy ösüş taryhy – munuň özi hudaýlaryň elindäki mümkinçilikleriň hem ygtyýarlyklaryň ýuwaş-ýuwaşdan adamyň eline geçişidir. Oýandym ukudan, galdym düýşümden, Şu goşgynyň bütin dowamynda düýşüň alasarmyklygy saklanýar. Şahyr ukudan oýanyp, diwananyň badasyny içýär. Şobada-da gözlerinden ýaş paýrap gaýdýar. Ol gözýaşyň gam-hasrat bilen baglanyşygy bar. Dünýä pelsepesinde durmuşyň manysyna akyl ýetirmek, düşünmek gam-hasrat hökmünde köp getirilýär. «Beýik adamlar uly hasratda bolmalydyrlar» diýip, akyldarlar aýdypdyrlar. Munuň iki jäheti bar. Birinjiden, adam özüne ozal näbelli bolan hakykatyň birden açylmagyndan birhili hasrata düşýär hem gözüne ýaş aýlaýar. Munuň özi täsin duýgudyr. Ikinjiden bolsa, ömrüň gysgalygyna, dünýäniň pursatlygyna düşünmek, elbetde, hasrat duýgusyny döredýär. Emma bu göwnüçökgünlik däldir. Bu howalalylyga ýugrulan ajap hem lezzetli duýgudyr. Ol adam kalbyna möwç berýär. Ýaşamaga hem pikir etmäge itergi berýär. Bir söz bilen aýdylanda, bu adam kalbyny gözelleşdirýän we adam durmuşyny hem şahsyýetini ruhlaşdyrýan ruhy duýgudyr. Beýik Magtymgulynyň her bir setiriniň, sözüniň howaly hem ruhlulyga ýugrulan bolmagy şonuň üçindir. Jan hyruja geldi gaýnap joşmadan, Şu şygyr adam düýşüniň täsirini bütin terliginde hem-de gyzgyny bilen saklaýan goşgudyr. Şonuň üçinem munda beýan edilýän waka şahyryň döredijilik toslamasynyň önümi däldir. Şahyr, hakykatdanam, gören düýşüni beýan edýär. Düýş görüp turanyndan soňky başdan geçiren duýgularyňyzy, kalbyňyzyň edil şol pursatdaky halyny soň ýada salyp görüň. Düşnüksizlik, alasarmyklyk, birhili, syrlylyk, şol bir wagtda-da kalbyňy awadýan, birhili, aýralyk hem ýekelik. Magtymgulynyň kalbynyň beýany edil şu pursady özünde saklaýar. Adam düýşünde gören ahwalatyna hemişe bir yşarat, alamat hökmünde garaýar. Näme üçin? Sebäbi, bir tarapdan, düýşüň öz dili bar, ol dil syrlylyga, göçme manylylyga ýugrulandyr. Ýene bir tarapdan bolsa, düýşüň özboluşly gözelligi diýen ýaly bir zat bar. Onda terlik bar. Z.Freýd düýş adamyň serhalynyň gündizki ýüklerden boşamagydyr diýen bir pikiri aýdýar. Dogrudanam, düýş gören adamda tebigy kanagatlanma bolýar. Şu iki aýratynlyk adamyň kalbyna täsir edip, onyň göwnüni joşdurýar: Magtymguly, turdum towap etmäge, Bu düýşüň aňyrsynda, megerem, şahyryň okan kitabynyň täsiri ýatyr. Özem, elbetde, ol Bahaweddiniň kitaby ýa ol barada ýazylan bir kitap bolmaly. Näme üçin? Düýş gönüden-göni durmuş wakasynyň täsiri astynda görlende onda durmuş anyk durmuşy ahwalatyň alamatlary-da köp bolýar. Bu ýerde bolsa piriň gamaşyk birhili keşbi diýäýmeseň, başga zat ýok. Düýş suraty giň däl, öwüşginlere garyp, wakanyň däl-de, pikiriň döreden düýşi diýmek boljak – durmuşdan däl, kitapdan alnan düýş diýen ýaly. Biziň üçin bu taýda degerli bir delil – Magtymgulynyň Nagyşbendiniň elinden şerap içmegidir. Birnijesi ýar-u-ýaran – durdular, Gowga gopdy, rahmet boýandy düzler, Bu näme? Bu türkmen durmuşynyň iň häsiýetli keşbi. Munda küştdepdi resimi beýan edilýär. Halka, mejlis, döwre – küşt depýän diwanalaryň edýän aýlawydyr. Olar nagra çekip, gygyryşyp, «jan-jan» diýşip, küşt depýärler. Sanalýan şygyrlar aýaklaryň hereketi bilen sazlaşdyrylyp aýdylýar. Dünýäniň panylygy, ömrüň çäklidigi barada aýdylýan ol goşgular, üýtgeşik terkidünýä äheňdäki owaz adam kalbyna güýçli täsir edýär, kalby elendirýär. Derwüşleriň agysy, «ou-ha, ou-ha, ou-ha» sesleri, dogrudanam, ahyrzaman gopdy-ow diýdirýär. Magtymguly aýdar, Gurhana uýdum, Şeýlelikde, Magtymguly taglymaty ruh babatda şu sapagy-da berýär. Tebigatdaky güýjüň saklanmak hem öwrülmek kanuny ýaly, ruhuň hem saklanmak we öwrülmek kanuny bar. Ruh hiç mahal hiç ýerik ýitip, ýok bolup gitmeýär. Ol hökman saklanýar. Huş bolmasa, düýşde saklanýar. Saklanýar, saklanýar, bir günem bir ýerlerden urup çykýar. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |