■ Mekdeplerde emeli aň öwrediler
Hytaý 2030-njy ýyla çenli emeli aň tehnologiýasyna 150 milliard dollar bölüp berer. Geljek ýyldan başlap bolsa, mekdeplerde hem emeli aň öwredilip başlanar. Häzirki wagtda bu ders ýurduň käbir şäherlerinde okadylýar. Başlangyç we orta bilim berýän synplar üçin taýýarlanan kitaplarda kompýuter sowatlylygy, inženerçilik tehnologiýasynyň esaslary bilen bir hatarda emeli aň bilen bagly maglumatlar ýerleşdiriler. Okuw kitaplaryny taýýarlamakda bu ugurda iş alyp barýan şereketler hem goşant goşupdyrlar.
■ Ikinji emeli hemrasy
Marokko “MOHAMMED VI-A” atly emeli hemrany kosmosa uçurdy. Fransiýanyň “Thales Alenia Space” kompaniýasyna sargyt edilen kosmos enjamy Ýer ýüzüni ýokary durulykda surata almaga ýardam eder. Uçurylandan 55 minutdan soňra raketadan aýrylyp orbitasyna ýerleşen emeli hemra sebitleýin ösüşi çaltlandyrmak, karta çyzmak, landşafty öwrenmek, tebigy hadysalar ýüze çykanda ýitgini azaltmak, çölleşmegiň öňüni almak, kenarýaka tebigatyny aýawly saklamak ýaly maksatlar üçin ulanylar. Ýurt geçen ýylyň 7-nji noýabrynda ilkinji emeli hemrasyny uçurypdy.
■ 5G ulanyjylary 1,5 milliarda ýeter
Mobil internetde 5G ulanylyşynyň ýene bir ýyldan ýola goýulmagyna garaşylýar. Eýsem, aragatnaşygyň has ösen görnüşi näçe wagtda ýaýrarka?! “Ericsson” kompaniýasy bu barada maglumat taýýarlapdyr. 2023-nji ýyla çenli dünýäde 5G abunaçylarynyň sanynyň 1 milliarda, ondan soňky ýylda 1,5 milliarda ýetjekdigi aýdylýar. 2024-nji ýylda dünýä ilatynyň 40 göteriminiň ýaşaýan ýerlerinde 5G tory bolar. Şonda ähli mobil maglumat akymynyň dörtden biri 5G arkaly amala aşyrylar.
5G diňe aragatnaşygy çaltlandyrmak bilen çäklenmän, ulaglaryň uzakdan dolandyrylmagy ýaly täze ugurlarda hem giňden ulanylar.
Golaýda dünýäde mobil abunaçylaryň sany 7,9 milliarda ýetipdi. Bu ulanyjylaryň 120 milliony soňky çärýekde hasaba alnypdyr. 5G tehnologiýasy enjamlaryň arasynda adamlaryň goşandy bolmazdan dowam edýän internet üçin hem ähmiýetli bolar.
■ Howany arassalaýan perde
Dünýä möçberinde howa goýberilýän kömürturşy gazyny azaltmak üçin uly tagalla edilýär. Munuň üçin Günden, ýelden, suwdan we beýleki çeşmelerden tok alýan beketler gurulýar. Irlandiýanyň paýtagty Dublinde bolsa, kiçiräk taslama durmuşa geçirildi. Bir binanyň daşy howany arassalaýan bioplastmassa bilen örtülipdir. Ol hapa howany özüne siňdirýär we ony içindäki suwotulara iberýär. Olar howadaky kömürturşy gazyny arassalap, kislorod çykarýar. “Photo.Synth.Etica” atly önüm “Dublin Castle” atly binanyň daşyna ýapylan perdeleriň her biri 6 metr bolup, olaryň arasynda otly kanaljyklar bar. Bu otlaryň toplaýan kömürturşy gazynyň uly göwrümli 20 agajyňka barabardygy aýdyldy. Bu önümi Londondaky “ecoLogicStudio” şereketiniň arhitektorlary Klaudia Paskuero hem-de Marko Poletto taýýarlapdyr. Olar geljekde binanyň daşyna hem energiýa öndürýän, hem-de howany arassalaýan abzallary ýerleşdirip boljakdygyny aýdýarlar. Şeýlelikde, binalar edil janly tebigat ýaly howany arassalamaga ýardam eder.
Paskuero kanaljyklardaky suwotularyň adatdakydan has çalt ösüp, agaja garanyňda fotosintez hadysasyny çalt amala aşyrýandygyny aýdýar. Bu otlar ýygnalyp, energiýa ýa-da azyk öndürmekde hem peýdalanylyp bilner. Arhitektor şäherlerdäki ýaşyl zolaklaryň diňe otlardan ýa-da agaçlardan ybarat bolmaly däldigine ünsi çekýär. Täze önümiň köpçülikleýin önümçiliginiň ýola goýulmagy üçin tagalla edilýär.
■ 5 ýylda 350 milliardlyk maýa goýum
Dünýä belli “Apple” kompaniýasy öňümizdäki 5 ýylyň dowamynda ABŞ-nyň ykdysadyýetini goldamak hem-de täze iş orunlaryny döretmek maksady bilen, 350 milliard dollar möçberinde maýa goýum özleşdirmegi göz öňünde tutýar. Kompaniýa her ýyl 70 milliard dollar töweregi maýa goýum goýar.
Kompaniýa eýýäm ABŞ-da 2 müňden gowrak iş ornuny döretdi. Geljek ýyllarda bu görkezijini 20 müňe ýetirmek göz öňünde tutulýar. 1976-njy ýylda Stiw Jobs, Stiw Woznýak hem-de Ronald Ueýn tarapyndan döredilen “Apple” korporasiýasy dürli kompýuterleri, ses enjamlaryny, telefonlary, “akylly” sagatlary öndürýär we programma üpjünçiligini amala aşyrýar.
■ Suw ýitgisini azaldýan gormon tapyldy
Ýaponiýadaky RIKEN durnukly çeşmeler bilim merkeziniň hünärmenleri ösümlikleriň suw ýitgisini azaldýan gormony tapdylar. Doktor Fuminori Takahaşi we ylmy toparyň agzalarynyň geçiren işiniň netijeleri “Nature” žurnalynda çap edildi. Ösümliklerde hem edil haýwanlarda bolşy ýaly gormon bar. Emma fitogormon atly ösümlik gormonlary barada entek köp zat mälim däl. Ösümliklerde daşky täsirlere jogap berýän gormonlaryň bardygyny ýa-da ýokdugyny anyklamaga synanyşan hünärmenler, ilkinji nobatda, CLE peptidlerini we ABA gormonyny öwrenipdirler. ABA gormony gurak möwsümde ösümligiň ýapragynda jemlenip, onuň gözeneklerini ýapýar. Şeýlelikde, onuň düzümindäki suw bugarman saklanýar. CLE peptidleri bolsa, ösümlikleriň köklerinde döreýär. Geçirilen tejribelerde CLE25 atly CLE peptidi ösümlikleriň köklerine berlende, ýapragyndaky ABA mukdarynyň artýandygy we gözenekleriň ýapylýandygy anyklanypdyr. Şeýle hem suw berilmedik wagty ösümlikleriň köklerindäki CLE25 mukdarynyň artandygyna göz ýetirilipdir. Bu iki ýagdaý CLE25 peptidleriň ösümlikleriň suw ýitgisiniň öňüni almaga täsir edýändigini alamatlandyrýar. Emma özara baglanyşygyň bardygynyň anyk bolmagy üçin kökdäki CLE25 molekulalarynyň ýapraklara hem “daşalmagy” zerur. Hünärmenler ýörite usul arkaly CLE25 peptidleriniň kökden ýapraga geçýändigini hem anyklapdyrlar. Takahaşi alnan netijäniň guraklyga we beýleki fiziki päsgelçiliklere çydamly ösümlik görnüşlerini döretmekde peýdaly boljakdygyna ünsi çekýär.
■ Günden güýç alýan uçar
“Aurora Flight Sciences” şereketi 10 ýyldan bäri işlenip taýýarlanýan, energiýasyny Günden alýan, dolulygyna özbaşdak hereket edip bilýän howa ulagyny tanyşdyrdy. “Odysseus” atly uçar birnäçe aýlap uçup bilýär. Ilkinji synag uçuşyny indiki ýylyň birinji ýarymynda amala aşyrjak howa gämisi “Ýokary belentlikdäki platforma bekedi” (HAPS/High-altitude platform station) hasaplanýar. HAPS-lar adaty uçarmansyz howa gämileri bilen emeli hemralaryň arasynda aragatnaşygy ýola goýýar. Gün şöhlesi bilen işleýän uçarlar 20 km belentlikde uçup, olara buludyň, ýeliň we ýolagçy uçarlarynyň täsiri ýetmeýär. “Aurora Flight Sciences” HAPS öndürmek baradaky maksatnamasyny 2008-nji ýylda mälim edipdi.
Howa gämisiniň tehniki aýratynlyklary barada entek giňişleýin maglumat berilmedi. Emma şereketiň ýolbaşçylary “Odysseus”-yň beýleki HAPS-lardan has uzyndygyny, ýük göterijiliginiň ýokarydygyny we bir ýyllap yzygiderli uçup biljekdigini belleýär. Ol ýeňil materiallardan öndürilipdir. Ganatlarynyň ýokarsy Günden energiýa almak üçin paneller bilen örtülen uçaryň gijesine uçmak üçin togy saklaýan batareýasy hem bar. HAPS-lar, adatça, howanyň häzirki ýagdaýyny anyklamak, geljekde nähili boljakdygy barada çaklamalar taýýarlamak we beýleki maksatlar üçin ulanylýar.
■ 6 aýda Marsa bardy
Ýere golaý we amatly tebigy şertleriniň bolmagy astronomlary Marsy öwrenmäge höweslendirýär. Şol sebäpli Gyzyl planeta birnäçe uçuş amala aşyryldy. NASA-nyň mundan 6 aý ozal ugradan “InSight” atly kosmos gämisi 480 million kilometrlik ýol geçip, Marsyň golaýyna bardy. Agzalýan enjam 2012-nji ýylda uçurylan alty tigirli “Curiosity” robotyndan tapawutlylykda, ol ýeriň topragyny has çuňňur öwrenmäge ýardam eder. Degişli abzallar bilen üpjün edilen “InSight” ýeriň 5 metr aşagyna girer. Ol seýsmometrler arkaly bu planetada bolup geçýän ýer titremeler barada maglumat toplar. Şeýle hem planetanyň milliardlarça ýyl ozal nädip emele gelendigini öwrenmäge ýardam eder. Alty tigirli “Curiosity” bolsa, ýaşaýşyň alamatlaryny gözlemek maksady bilen taýýarlanypdy.
800 kilogramlyk enjamyň ilki Marsa sag-aman gonmagy zerur. Ozal uçurylan “Spirit” we “Opportunity” enjamlaryndaky ýaly, aňsatlyk bilen gonmagyna mümkinçilik berýän toplary bolmadyk gämi gönüden-göni aýaklary bilen gonar. “InSight”-yň taslama ýolbaşçysy Tom Hoffman munuň örän çylşyrymly işdigini belleýär. Enjamyň gonmagy üçin tehniki taýdan hernäçe taýýarlyk görlen hem bolsa, Marsdaky güýçli ýel we tozan bu ýagdaýy kynlaşdyrýar. Hünärmenler apy-tupanyň Günden energiýa almaga niýetlenen paneline zeper ýetirip biljekdigini belleýär.
■ Maglumat merkezini gurýar
“Google” kompaniýasy Daniýada deňiz kenarynda täze maglumat merkezini gurjakdygyny mälim etdi. Ýurduň paýtagty Kopengageniň günbataryndaky Ýutlandiýa ýarym adasynda guruljak bu desga amerikan brendiniň Ýewropadaky 5-nji, bu ýurtdaky 3-nji maglumat merkezi bolar. Bu barada metbugat ýygnagyny geçiren kompaniýanyň Daniýadaky müdiri Malou Aamund täze desganyň 2015-nji ýylda Frederisiýa şäherinde satyn alnan 73 gektarlyk ýerde guruljakdygyny aýtdy. Amerikan kompaniýasy häzirki wagtda bu ýurtda mundan başga-da 2 sany maglumat merkeziniň gurluşygyny alyp barýar. Frederisiýa şäheriniň Taulow diýen ýerinde guruljak täze taslamany durmuşa geçirmek üçin 4,5 milliard krona harçlanar. Onuň ilkinji tapgyry 2020-nji ýylda, dolulygyna 2021-nji ýylda işe giriziler.
Daşky gurşawa ýetirýän zyýanyny azaltmak maksady bilen “Google” bu desgada energiýanyň arassa çeşmelerinden peýdalanar. Täze desgada 150-200 adam zähmet çeker. Bu ýurtda “Facebook” we “Apple” kompaniýalary hem maglumat merkezlerini gurýarlar.
Internetdäki maglumatlaryň saklanýan merkezleri örän köp energiýa talap edýär. Sebäbi maglumat saklaýjy enjamlar gyzýar. Energiýanyň uly bölegi ony sowatmak üçin peýdalanylýar. Şol sebäpli kompaniýalar şeýle desgalary sowuk ýurtlarda, deňiz kenarlarynda, hatda suwuň aşagynda hem gurýarlar.
■ Dünýäniň iň agyr organizmi
ABŞ-nyň Ýuta ştatyndaky Pando atly derek agajy dünýäniň iň agyr organizmi hasaplanýar. Aslynda, bu ýerde 100 futbol meýdançasyna barabar tokaýlyk bar. Olaryň DNK-lary birmeňzeş bolup, ýerasty kök ulgamy arkaly bir-birine bagly. Bu bitewi agaçlygyň agramynyň 6000 tonnadan köpdügi çaklanylýar. Agajyň bu görnüşi iki usul arkaly, ýagny onuň bişen tohumlarynyň ýere gaçyp gögermegi we köklerinden çykan nahallar arkaly köpelýär. Bu agaçlaryň çäginiň kiçelip başlandygy ilkinji gezek 1990-njy ýyllarda anyklandy. Alymlar onuň nahallaryny keýikleriň we sygyrlaryň iýmegi zerarly kiçelendigini çaklapdylar. Ýuta uniwersitetiniň ylmy işgäri Pol Rojers we onuň ýolbaşçylyk edýän topary bu ýagdaýy anyklamaga çalşypdyr. Olar tokaýy üçe bölüpdirler. Birinji bölekde jandarlaryň erkin gezmegine rugsat edilipdir. Ikinjisiniň içine uly haýwanlar girmez ýaly haýat aýlanypdyr. Daşyna haýat aýlanan üçünji bölekde bolsa, derekleriň ösmegini çaltlandyrmak üçin beýleki haşal otlar orlupdyr. “PLoS One” žurnalynda çap edilen ylmy barlagyň netijesinde, golaý ýerlere adamlaryň göçüp gelmegi bilen bu agaçlaryň kiçelendigi anyklanypdyr. Ýagny, tokaýda otlaýan haýwanlaryň sanynyň artmagy agaçlaryň ulalmagyna päsgelçilik döredýän eken. Ýyrtyjy haýwanlaryň awlanmagy netijesinde, keýikdir beýleki haýwanlaryň sany artypdyr. Ylmy barlagy geçirenler keýikleriň ýaşamagy üçin amatly ýerleriň çäginiň giňeldilmelidigini belleýär.
■ Ilkinji uçurylyşy
Täze Zelandiýanyň “Rocket Lab” şereketi ilkinji raketasyny orbita iberdi. Şereket ilkinji uçuşyň üstünlikli amala aşyrylandygyny mälim etdi. Öz döreden “Electron” atly raketasy bilen jemi 6 sany kiçi göwrümli emeli hemra orbitalaryna ýerleşdirildi. Şeýlelikde, Mahia ýarym adasyndaky kosmodromdan ilkinji gezek söwda maksatly uçuş ýerine ýetirildi. Şereket şu ýylyň başynda iki gezek synag uçuşyny geçirip, olar üstünlikli tamamlanypdy. “Rocket Lab”-yň işläp düzen raketasy beýleki hususy kosmos firmalaryndan tapawutlylykda has kiçi emeli hemralary uçurmaga niýetlenen. Hepdede bir gezek uçuş edilip bilinjek kosmodromdan uçuryljak raketa 150 kilograma çenli ýüki atmosferanyň daşyna çykaryp biler. Elektrik energiýasy bilen işleýän raketa ýeňil materiallardan ýasalyp, arzan bahaly uçuşlary amala aşyrmaga mümkinçilik berýär. Kompaniýanyň kosmodromyndan amala aşyrylýan her uçuşyň bahasy 5 million dollar töweregi. NASA-nyň Marsa adamly uçuşlary amala aşyrmak üçin guran SLS raketasy bilen amala aşyryljak her uçuşyň 500 million dollara düşjekdigi çaklanylýar. Söwda maksatly ilkinji hususy kosmos kompaniýasy “SpaceX” bolsa, söwda maksatly dürli ululyklardaky ýükleri uçurýar.
■ Welosiped şereketi awtoulag öndürer
Häzirki wagtda dünýä belli awtoulag brendleriniň ilki kiçeňräk zatlary öndürendigini bilýärmisiňiz? Mysal üçin, ilkinji hereketlendirijiler şol wagtky welosipedlere oturdylypdyr. “Honda” kompaniýasy ilki motosikl öndürip başlaýar. “Skoda” kompaniýasy başda welosiped çykaran eken. Elektrik energiýasy bilen işleýän ulaglara has köp üns gönükdirilýär. Daniýanyň “Biomega” atly welosiped öndüriji şereketi özüniň ilkinji eletroulagynyň taslamasyny taýýarlady. Hytaýyň Şanhaý şäherinde nusgalyk görnüşi görkezilen SIN awtoulagy dolulygyna elektrik energiýasy bilen işleýär. Onuň daşky şekili hem beýlekilerden has tapawutly. Aslynda, firma bu babatda hem beýleki önüm öndürijilerden tapawutlanmak isleýär. Şäheriň içindäki gatnawy ýeňilleşdirmek maksady bilen işlenip taýýarlanan SIN krossower klasyna degişli. Emma muňa garamazdan, ulagyň bahasynyň mümkingadar arzan boljakdygy aýdylýar. Onuň gabarasy plastmassa we alýuminden öndürilip, berkligi we ýeňilligi bilen tapawutlanýar. Her tigri üçin aýratyn hereketlendirijisi bolan ulagyň agramy 950 kilogram bolar. Bu ýerde elektroulaglar üçin iň uly meseläniň agramdygyny bellemek gerek. Elektroulaglaryň iň agyr bölegini ony herekete getirýän batareýalar emele getirýär. Şol sebäpli ulagyň agramynyň mümkin boldugyça ýeňil bolmagy gazanylypdyr. Bir gezekki zarýady bilen 160 kilometr ýol geçýän ulagyň kuwwatynyň 81 at güýjüne barabar boljakdygy habar berildi. Sagatdaky tizligi 130 km boljak ulagyň 2021-2023-nji ýyllarda önümçiligine başlanar. Beýleki elektroulaglardan ep-esli arzan boljak ulagyň 23 müň dollardan satylmagyna garaşylýar.
■ "Hyundai” ulaglary kärendesine berler
Günorta Koreýanyň “Hyundai Motor Group” kompaniýasy Singapuryň “Grab Holdings” şereketi bilen elektroulag satmak boýunça ylalaşyga gol çekdi. Şertnama laýyklykda awtoulag öndürijisi täze elektroulaglaryň 200 sanysyny bu firma gowşurar. 250 million dollarlyk ylalaşygyň çäklerinde elektroulaglara zarýad berýän beketleriň gurulmagy, geljek ýyldan başlap innowasion ulaglaryň kämilleşdirilmegi üçin maglumat toplamak we degişli ulgamy döretmek hem bar. Günorta koreý şereketi elektroulaglaryň sanyny Wýetnam we Tailand ýaly beýleki Aziýa ýurtlarynda hem artdyrmak isleýär. Häzirki wagtda sebit ýurtlarynda ýapon öndürijileriň ulaglary agdyklyk edýär. “Hyundai” kärendesine berilýän elektroulag bazaryndaky maýa goýumlaryny artdyryp, gatnaw pudagyndaky ornuny berkitmek isleýär. Mundan ozal “Hyundai” Hindistanyň “Revv” kompaniýasy bilen hem şeýle şertnama gol çekişipdi.
“Grab Holdings” şereketi bolsa, häzire çenli 2,7 milliard dollar maýa goýumy özleşdirdi. Ulaglary kärendesine berýän şereketler adatça, gibrid ýa-da elektrik energiýaly ulaglary alýarlar. Şereket gysga wagtda zarýad alýan 200 elektroulagyny 2019-njy ýylyň başynda Singapurda müşderilere hödürlär.
■ Tok bilen işlär
16.11.2018-nji ýylda ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatynyň Long Biç şäherinde açylan sergide «Ural» motorynyň täze nusgasy tanyşdyryldy. Ýol hereketinde indi o diýen köp duşmaýan bu motoryň täze nusgasynyň ýeke-täk tapawudy benzin bilen däl-de, tok bilen işleýänligidir. Motoryň täze görnüşi ABŞ-nyň “Zero Motorcycles” şereketi bilen bilelikde taýýarlanypdyr. Daşky ölçegleri adaty “Urallardan” o diýen tapawutly bolmadyk motoryň kuwwatynyň 60 at güýjüne barabardygy aýdylýar. Iň ýokary tizligi sagatda 140 km-e ýetýän ulag, bir gezekki zarýady bilen 165 kilometr ýol geçýär. Ulagyň geljek iki ýylyň dowamynda köpçülikleýin önümçiliginiň ýola goýuljakdygy aýdylýar. Elektrik energiýasy bilen işleýän motosiklleri öndürýän “Zero Motorcycles” häzirki wagtda Russiýadaky Irbitiň motosikl zowody bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde täze “Uraly” kämilleşdirmegini we synag sürüşlerini dowam etdirýär.
Golaýda Italiýanyň Milan şäherinde geçirilen dünýäniň iň esasy motosikl sergisinde (EICMA) hem adatdakylardan has tapawutly motosikller görkezildi. Halkara gözden geçirilişde belli “Harley-Davidson” motorynyň elektrik energiýasy bilen işleýän görnüşiniň tanyşdyrylmagy hemmäni haýran galdyrdy. Sebäbi bu ulaglar özboluşly sesi we kuwwatlylygy bilen tapawutlanýar. Elektrik energiýasy bilen işleýän ulaglaryň bolsa, ýeterlik derejede kuwwatly boljakdygyna şübheli garaýanlar entek az däl.
■ Suwuk wodorodly uçar
Howanyň arassa bolmagy adam saglygy we tebigat üçin örän ähmiýetli bolup, soňky ýyllarda has hem ileri tutulýar. Hünärmenler howany hapalamaýan tehnologiýany işläp düzmek üçin ýüzlerçe taslamany durmuşa geçirýär. Global derejede howa goýberilýän gazlaryň 2 göterimine ýolagçy uçarlary sebäp bolýar. Öňümizdäki iki ýylda bu görkezijiniň iki esse artmagyna garaşylýar. Şol sebäpli hünärmenler elektrik energiýasy bilen işleýän ýa-da gibrid hereketlendirijileri we beýleki tygşytlaýjy tehnologiýalary işläp taýýarlaýar. Angliýanyň Bedfordşirdäki Kranfýeld uniwersitetiniň hünärmenleri bolsa, suwuk wodorod bilen işleýän ýolagçy uçarlaryny işläp taýýarlaýar. Bu tehnologiýany işläp düzmek üçin 3,5 million funt sterling bölünip berlipdir. Inženerler wodorod bilen işleýän uçaryň ýüzbe-ýüz boljak kynçylyklaryny aradan aýyrmagy maksat edinýär. Suwuk wodorod bilen işleýän uçaryň howa hiç hili kömürturşy gazyny goýbermeýändigini göz öňünde tutsak, bu taslamanyň howany ep-esli derejede arassa saklamaga goşant goşjakdygyny aýtsa bolar.
Hünärmenler ýangyjyň arassa görnüşiniň saklanmagy, bahasynyň elýeterli ýagdaýa getirilmegi ýaly meseleleri çözmäge çalyşýar. Ylmy toparyň agzalary wodorodyň diňe daşky gurşaw babatda däl, orta we uzak möhletde ygtybarly we elýeter bahaly boljakdygyny görkezmek isleýändiklerini aýdýarlar. Taslamanyň 2030-njy ýyllarda taýýar ediljekdigi nygtalýar. Halkara Howa Gatnawlary Bileleşigine görä, dünýäde uçar ýolagçylarynyň sanynyň 2037-nji ýyla çenli 8,2 milliarda ýetmegine garaşylýar. Uçarlaryň sanynyň gün-günden köpelmegi, onuň tebigata ýetirýän zyýanyny hem artdyrýar. Käbir şereketler bolsa, elektrik energiýasy bilen işleýän uçar hereketlendirijilerini işläp taýýarlaýar. Emma olaryň äpet uçarlary howa galdyrmak üçin ýeterlik däldigi bellenilýär. Şol sebäpli, ýolagçy uçarlarynyň diňe ýerde wagty güwwüldisini azaltmak üçin elektrik energiýasy bilen işleýän hereketlendirijiler işlenip düzülýär.
■ “Harley Davidson” elektrik energiýasy bilen işlär
Kuwwatly motosiklleri öndürmekde dünýä belli “Harley Davidson” kompaniýasy 6-njy noýabrda Milanda geçirilen “EICMA 2018” atly sergide elektrik energiýasy bilen işleýän ilkinji motosikli “LiveWire”-y tanyşdyrdy. Onuň daşky dizaýn, kuwwatlylyk babatda beýleki motorlardan tapawudy ýok. Onuň beýleki modellerden ýeke-täk parhy elektrik energiýasy bilen işlemegi. Tanyşdyrylan ulag önümçilige taýýar model bolup, ol indiki ýyl satuwa çykarylar. “Harley Davidson” elektrik energiýasy bilen işleýän iki tigirli ulag bazarynda hem öňdebaryjylaryň biri bolmak isleýär. 2022-nji ýyldan başlap, kompaniýa elektrik energiýasy bilen işleýän, şäher içinde sürmäge niýetlenen has ýeňil we kiçi motorlary satuwa çykarar.
■ Awtoulag ägirdi welosiped öndürer
“Chevrolet”, “Cadillac” we “Opel” ýaly şereketlere eýeçilik edýän “General Motors” kompaniýasy elektrik energiýasy bilen işleýän welosiped önümçiligini ýola goýar. Bütin dünýäde kärendesine berilýän ulag görnüşleriniň sanynyň artmagy we oňa gyzyklanmanyň ýokarlanmagy uly ykdysady girdeji getirip başlady. Amerikan kompaniýasy hem bu bazarda yzda galmak islemeýär. 2015-nji ýylda kompaniýanyň ýolbaşçysy Meri Barranyň aýan eden taslamasy öz netijelerini berip başlady. Iki görnüşli welosipedlerde internet baglanyşygy we smartfony sinhron edýän ekran bolar. Welosipedler satmak üçin hem, kärendesine bermek üçin hem amatly bolar. Welosipediň ýygnalýan görnüşi, bitewi görnüşinden gymmadyrak bolar. Entek bahasy mälim edilmedik ulagyň adyny goýmak üçin bäsleşik yglan edildi. Kompaniýanyň ýolbaşçylary welosipede degişli täze tekliplere hem garaşýandyklaryny aýdýarlar.
■ Hindistan bazaryna girer
Elektroulag öndürmekde dünýä belli “Tesla Motors” kompaniýasy dünýäniň iň uly awtoulag bazarlarynyň biri bolan Hindistana aralaşmagy maksat edinýär. Elektroulag önümçiliginde ABŞ-nyň öňdebaryjy kompaniýasy indiki ýyldan başlap öz harytlaryny hindistanly müşderilere ýetirer. Häzirki wagtda Hytaýdaky iň uly daşary ýurtly maýa goýujy hasap edilýän “Tesla Motors” -yň “ModelS” we “Model X” ulaglary bu ýurtdaky müşderilere ýetirilýär. Şeýle hem kompaniýa Hytaýda hepdede 3000 ulag öndürjek önümçilik desgasyny gurmagy meýilleşdirýär. Kompaniýanyň bazar bahasy 11,8 milliard dollara barabar bolup, häzire çenli ABŞ-da 27 müň “Model S” satylypdyr. Häzirki wagtda elektroulaglaryň o diýen ýaýbaňlanmadyk hindistan bazarynda bolsa, “Tesla”-nyň geljeginiň uly bolmagyna garaşylýar. Iri şäherleri bolan Hindistanda daşary ýurtly maýadarlaryň işlemegi üçin oňyn şertler döredilýär.
■ “Akylly” söwda arabajygy
Günorta Koreýanyň LG kompaniýasy mobil enjamlary bilen tanalýan hem bolsa, beýleki tehnologiýa brendleri ýaly başga-da birnäçe ugurda iş alyp barýar. Kompaniýa tozan sorujylar, aeroportlar üçin awtomatlaşdyrylan kiosklar we beýleki birnäçe ugurda robotlaşdyrylan enjamlary işläp taýýarlaýar. Häzirki wagtda LG-niň inženerleri öz ata watanynyň iň uly söwda merkezleri tory “E-Mart”-yň müşderileri üçin “akylly” söwda arabajygyny işläp taýýarlaýar. Arabajyk müşderiniň yzynda gezýär, müşderi tekjelerden saýlan harydyny alyp, oňa salýar. LG-niň ýolbaşçylary müşderilere söwda edenlerinde ýeňillik döretmegi maksat edinýändiklerini belleýärler. Bilermenler bu arabajygyň gartaşan adamlar we ýadaw müşderiler üçin ýeňillik döretjekdigini aýdýarlar. Ekranly arabajyk müşderä haýsy harydyň nirededigini hem salgy berer. Günorta Koreýanyň iň uly supermarket tory “E-Mart” öz bäsdeşlerinden ozdurmak üçin tehnologiýadan peýdalanýar. Golaýda Seulda onuň satyjysyz söwda nokady açylypdy. LG-niň öndürjek “akylly” arabajyklarynyň şeýle söwda nokatlarynda hem ulanmaga amatlydygy aýdylýar.
■ Plastmassa çüýşelerden aerogel
Plastmassa çüýşeleriň we gaplaryň dürli görnüşi gündelik durmuşda giňden ulanylýar. Olary gaýtadan çig mal hökmünde peýdalanmak üçin uly tagalla edilýän hem bolsa, köpüsi tebigata taşlanýar. Uzak wagtlap çüýremeýänligi sebäpli, ol daşky gurşawa özüniň oňaýsyz täsirini ýetirýär. Bilermenler plastmassany aerogele (latynça: aer — howa, gelatus — doňdurylan) öwürmegi başardylar. Singapuryň Milli uniwersitetiniň (NUS) hünärmenleri plastmassany senagatyň dürli ugurlarynda has peýdaly materiallaryň birine öwürmegiň arzan usulyny tapdylar. Professorlar Haý Minh Duong hem-de Nhan Phan-Thien Nus we olaryň ýolbaşçylyk edýän topary polietilentereftalat (PET) çüýşeleri inçe süýümler görnüşinde kesip, olary silikat bilen gaplapdyrlar. Süýümler birnäçe himiki usullar netijesinde ýeňil, gözenekli, çydamly aerogele öwrülýär. Bu çig maly izolýasiýa, nebiti arassalamak, kosmos ýaly birnäçe ugurda peýdalanyp bolar. 620 dereje gyzgynlyga çydamly bolan bu materialyň ýangyn söndüriji eşikleri taýýarlamakda we ýangyna garşy durnukly zatlaryň daşyny örtmekde hem peýdalanyp boljakdygy aýdylýar. Bu aerogel adaty izolýasiýa materiallardan 10 esse ýeňil, ýumşak we maýyşgaklygy bilen tapawutlanýar. Täze açyşynyň patentini alan uniwersitetiň ýolbaşçylary onuň önümçiligini ýola goýmak üçin hyzmatdaş gözleýär. Bu baradaky ylmy makala “Colloid and Surfaces A” žurnalynda neşir edildi.
■ Eplenýän smartfon
“Samsung”, LG, “Huawei” ýaly belli brendler köp wagtdan bäri eplenýän ekranly mobil enjamlary işläp düzýän hem bolsalar, şeýle ekranly ilkinji smartfony ady o diýen eşidilmedik bir firma satuwa çykarjakdygyny mälim etdi. Merkezi edarasy ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatynda ýerleşýän Hytaýyň “Royole” şereketi “FlexiPai” atly telefonyny Pekinde geçirilen dabarada köpçülige görkezdi. 6 ýyl ozal döredilen “Royole” hytaýly müşderilerinden sargyt kabul edip başlandygyny mälim etdi. Onuň bahasy tehniki aýratynlyklaryna görä üýtgäp, 1290 dollar bilen 1863 dollar aralygynda bolar. “FlexiPai”-yň programmaçylar üçin niýetlenen görnüşi hem bar. Smartfonlar sargyt eden müşderilere dekabr aýynda gowşurylar. “Royole”-yň eplenýän ekranly telefony tanyşdyrmagy bu ugurda iş alyp barýan bilermenleri hem haýran galdyrdy. Eplenýän enjama bilermenler ýokary baha berdiler. Agramy 350 grama deň bolan telefon “iPhone XS Max”-den hem-de “Samsung Galaxy Note 9”-dan 50 göterim agyr. “Royole” bu enjamyň 200 müň gezek açyp-ýapmak synagyndan geçendigini we hiç hili tehniki näsazlygyň ýüze çykmandygyny belleýär. “Creative Strategies” atly maslahat beriş şereketiniň bilermeni Karolina Milanesi “FlexiPai”-yň bazaryň “ýyldyzy” bolmagynyň aňsat däldigini, emma tanyşdyrylan tehnologiýanyň örän täsirlidigine ünsi çekýär. Milanesi şereketiň dünýäde bu işi ilkinji bolup amala aşyrandygyny, muny ozal ady eşidilmedik firmanyň başarmagynyň has hem täsirlidigini belleýär. Bilermeniň pikirine görä, “Royole”-yň ýakyn geljekde tehnologiýa dünýäsinde iş alyp barýan ägirt kompaniýalar tarapyndan satyn alynmagy hem mümkin. 7,8 dýuýmlyk ekranly smartfon planşete meňzeýän hem bolsa, ony epläniňizde, iki tarapynda bölek ekran peýda bolýar. Telefonyň galyňlygy 7,8 mm, eplenende, 1,56 sm bolýar. Enjamyň 6 hem-de 8 GB RAM-ly görnüşleri bar. Onuň iki kamerasy bolup, olaryň biri 20, beýlekisi 16 megapiksel durulygynda. Häzirlikçe diňe hytaýly müşderilere ýetiriljek mobil enjamda “Android 9.0 Pie” esasynda taýýarlanan başga bir amaly ulgam bar.
Bir hepdeden soňra, has dogrusy 7-nji noýabrda “Samsung” kompaniýasy San-Fransikoda geçirilen dabarada özüniň ilkinji eplenýän ekranly telefonyny tanyşdyrdy. Onuň 7,3 dýuýmlyk eplenýän we 4,6 dýuýmlyk adaty ekrany bar.
■ Ýedi ýyllyk menzil
Ýewropanyň kosmos agentligi (ESA) hem-de Ýaponiýanyň kosmos agentligi (JAXA) Güne iň ýakyn planeta Merkurini ýakyndan öwrenýär. Ýewropaly we ýapon hünärmenleriň taýýarlan “BepiColombo” atly kosmos gämisi “Ariane 5” atly raketa bilen Fransuz Gwineýasyndan uçuryldy. Germaniýadaky stansiýanyň astronomlarynyň kosmos gämisiniň uçurylmagynyň yzysüre signal alyp başlandyklary habar berildi. 1,6 milliard ýewro sarp edilen “BepiColombo” taslamasy hem Merkuriý barada maglumat toplamagy, hem-de Gün ulgamyna degişli Ýerden alyp bolmaýan maglumatlary ýygnamaga ýardam eder. Jemi 9 milliard kilometre barabar ýol ýörejek “BepiColombo” ýaponlaryň we ýewropalylaryň işläp düzen iki aýratyn enjamyndan ybarat. Kosmos gämisiniň 2025-nji ýylda barmaly menziline ýetmegine garaşylýar. Merkuriniň orbitasyna baransoň, iki aýratyn emeli hemra biri-birinden aýrylar. Ýapon emeli hemrasy planetanyň magnit meýdanyny we Günde döreýän ýeliň täsirini öwrener. Ýewropalylaryň emeli hemrasy planetanyň ýüzüniň kartasyny taýýarlar we onuň üstki gatlagy barada maglumat toplar. Güne iň ýakyn planeta bolan Merkuriniň diametri 4 müň 880 kilometre barabar. Onuň ýüzüniň temperaturasy gijesine -173 dereje, gündizine 427 derejä barabar. Bilermenler planetanyň temperaturasynyň yssydygy sebäpli bu taslamanyň kyndygyny belleýärler. Şol sebäpli hünärmenler şeýle howa şertlerinde işläp biljek enjamy işläp taýýarlapdyrlar. Enjamyň daşy Günden gelýän şöhläni we planetanyň gyzgynlygyny gaýtarýar. ESA-nyň enjamy planeta has golaý baryp, ol jülgeleri, düzlükleri lazer arkaly anyklar. Ýaponlaryň enjamy bolsa, Merkurini uzakdan synlar.
“BepiColombo” Weneranyň hem ýüzünde barlag geçirmekde peýdalanylar. Şeýle hem planetanyň himiki häsiýetnamasy we Günüň Merkurini dartyş güýji hasaplanar. Üsti gaýalyklar bilen örtülen planetada Ýeriň merkezindäkiden has köp mukdarda demriň bardygy çaklanylýar.
■ 10 ýyl öň tamamlanar
Golaýda “Sony” kompaniýasy 2040-njy ýylda dolulygyna arassa energiýadan peýdalanyp başlajakdygyny mälim edipdi. Indi bolsa, ýapon brendi bu sepgide ABŞ-da wagtyndan 10 ýyl ozal ýetjekdigini aýan etdi. Sentýabrda San-Fransiskoda geçirilen Global yklym sammitinde “RE100” korporasiýasy elektron we güýmenje pudagynda iş alyp barýan dünýäniň iň uly kompaniýalarynyň biri bolan “Sony”-ny öz taslamalaryna goşandyklaryny aýtdy. Şeýle-de sammitde “McKinsey” maslahat beriş şereketiniň, “WeWork” atly global hyzmatdaşlyk şereketiniň we Ýewropanyň iň gadymy banklarynyň biri bolan “Royal Bank of Scotland”-yň hem taslama goşulandyklary mälim edildi. Sammitde “Sony” 2030-njy ýyla çenli sarp edýän elektrik energiýasynyň 30 göterimini gaýtadan dikeldilýän çeşmelerden üpjün etjekdigini mälim edipdi. Häzirki wagtda kompaniýa sarp edýän energiýasynyň 25 göterimini alternatiw çeşmelerden alýar. Kompaniýa Ýewropa ýurtlarynda eýýäm sarp edýän energiýasynyň 100 %-ini arassa çeşmelerden üpjün edýär. ABŞ-dan soňra, Hytaýda we Ýaponiýada bu maksada ýetmek üçin tagalla ediler.
“RE100”-iň başlygy Sam Kimmins “Sony”-ni arassa energiýa çeşmelerinden peýdalanmakda ähli mümkinçiliklerini gaýgyrman tagalla edýändikleri we bar bolan pursatdan netijeli peýdalanýandyklary üçin gutlaýandygyny aýtdy.
# "Zaman Türkmenistan" gazetiniñ maglumatlaryndan peýdalanyldy.