17:50 "Menem bir gün giderin..." | |
"MENEM BIR GÜN GIDERIN..."
Menem bir gün giderin bu barlykdan, Onsoň meňem öz başyma öýüm bor. Dostlarymam gelmez öňküler ýaly Hemem indi alyp ýörmen geýim zol. Owadan gyzlaram girmez düýşüme, Söýjek bolup oda düşmez ýüregem. Her hepdäniň juma güni agşamlyk Meni ýatlap aýat okar enemem. Agalamam her üýşmekde ýatlaşyp: “Wah, bolsady, wah, bolsady…” diýerler. Ýok adamlar üleşikden binesip, Noş bolsun, meniňem paýym iýenler! Janym jesedimi terk eden güni Nädip ýaranaýyn, bir garabaşym?! Göwne degişmegem bolandyr, Ýöne ýagşylykda ýatlaweriň, haýyşym. Şu owadan dünýä baky gelýän ýok, Ýadyňyzda saklaň, unutmaň hergiz: Sabyr ediň, nebsi öňne düşenler, Meň paýyma degmäň, ölemok heniz! Myrat GURBANOW. | |
|
√ Dertdir azapkeş / Goşgular - 23.05.2024 |
√ "Gelin jan..." / Goşgular - 26.03.2024 |
√ Bir millet / Goşgular - 20.05.2024 |
√ Nebis / Goşgular - 06.06.2024 |
√ Gowy görülen goşgy / Goşgular - 05.01.2024 |
√ Är garrar... / Goşgular - 30.04.2024 |
√ Bir ýaşuly hakda / Goşgular - 21.05.2024 |
√ Jisim... / Goşgular - 31.05.2024 |
√ Halal-haram kim baka / Goşgular - 29.05.2024 |
√ Estagfurullaly bentler / Goşgular - 14.02.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||