14:24 Meni... | |
MENI
Meni ýadadyp dur, hereket assalyp, Derde goýýar ömre ýeten hassalyk, Yzymdan ýeterler haçan at salyp, Azabymdan azat etsin dert meni. Kakyp ýör asmanda bulut pelesaň, Göwrümi daralýar, ýazylan pýesaň, Häzirki galanyn diýýän "ele sal", Kynçylykdan halas etsin mert meni. Kim görýär taryhyn - başsyz, ýatsyrap, Wezipäňi bilýär, gezýär ýat sylap, Emma gelmediler niçik, ýas sylap, Bu daglardan, halas etsin kert meni. Içimden çykmaýar dostuň dönügi, Aýal gitse, ol erkegiň öldügi, Her döwürüň ynsanýetden gördügi, Geçip bilmen, halas etsin şert meni. Bolmady dünýäden "Razy" diýmeklik, Karuna, Hatama meňzäp iýmeklik, Olary gördükde diýseň eýmendik, Eý Hudaýym, ýalkawyňa elt meni. Bir döwüm nan hem bulgur a:byň, Gysganýaň dünýäden oňsada awyň, Pikirlen, ömürden galypdyr azyň, Halas etsin, azabyndan dert bizi. AHALLY | |
|
√ Geçmişden bir ahwal ýa-da Sanjar hekaýaty / Goşgular - 17.05.2024 |
√ Жизнь / Goşgular - 29.02.2024 |
√ Şert / Goşgular - 09.02.2024 |
√ Hasap / Goşgular - 18.02.2024 |
√ "Ulag gidip barýar..." / Goşgular - 28.04.2024 |
√ Dostluk hakda / Goşgular - 18.02.2024 |
√ Sumbaryñ kenarynda / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Bagyşla! / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Ata-ene hakynda / Goşgular - 18.05.2024 |
√ "Diýdiñ: Gelin bolup görkezeýinmi?.." / Goşgular - 14.02.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |