18:05 Murgap | |
Nobatguly REJEPOW
▶ MURGAP Ümüş-tamyş, Bimar bolan jemalyn Ýakynyndan hem ýadyndan ýaşyryp, Ýatyr ukusyna galan jenanym Säheriň çal ümürini ýapynyp. Öz düýşüne humar bolan Murgabym Meýmirär-de, heser bilen pyşyrdar. Saba ýeli säheriň al dumanyn Oň üstünden bir tarapa sypyrýar. Inçe billi derýa ýalaňaçlanýar, Endiredip säheriň al seleňin. Synlaýaryn onuň säheriň aly, Ýyldyrymyň agy siňen bedenin. Ýalaňaç Murgabym ukuly halda Bir enaýy ýygryljyrap uýalýar. Çal çarlak jibrinip ganaty bile Onuň ak göwsüni ýapaýjak bolýar. | |
|
√ Ýolbars we Möjek / basnýa / Goşgular - 05.01.2024 |
√ Eýdip-beýdip... / edebi ýaňsylama / Goşgular - 12.01.2024 |
√ Sokrat / Goşgular - 16.05.2024 |
√ Tazy / Goşgular - 30.01.2024 |
√ Düýş hem ýagyş / Goşgular - 09.01.2024 |
√ Bagyşla! / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Alla dälmidir / Goşgular - 16.05.2024 |
√ Ýogaldy / Goşgular - 05.05.2024 |
√ Siziñki / Goşgular - 30.01.2024 |
√ Mähremlikden nyşan sen... / Goşgular - 08.05.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||