12:39 Näme sen?! | |
NÄME SEN?!
Bir kalbynda bir ÿar, on dost ýerlegen, Dostlarynyñ derdi bilen sermenen, Bir ýürekde şunça duýgy eglenen Ynsanmy sen, ýa sanmy sen, näme sen?! Diri wagty salgym bolup ýaşagan, Dideleri ahmyr bilen ýaşaran, Duýgularyn dälilikden aşyran Arşmy ýa Ýer-egsanmy sen, näme sen?! Bu niçik bor: inkär etmiş döwrüni ( Özge ömri derñemeklik dogrumy?), Ýa-ha Döwür ýalñyşypdyr ömrüni, ÝA Sen ömre nogsanmy sen, näme sen?! Ÿa ömrüniñ berilşimi añyrdan — Öñem çykyp gelen ýaly gabyrdan... Nä gyssanýañ ölüm sorap Tañrydan, Ýa ajala suwsanmy sen, näme sen?! ...Ýa ol üýtgär, ýa özgeler özgerer, Çapraz duýga kalplar neneñ döz geler?.. Ýa-ha seni kösemişdir özgeler, Ýa özgäni kösänmi sen, näme sen?! ...Boýlasa-da ol dünýäniñ çuñlugyn, Bilenem ÿok, biljegem ýok kimligin... Ýa-da ahyr gijeleriñ tümlügin Böwsüp gitjek wysalmy sen, näme sen?!. Bapba GÖKLEÑOW. | |
|
√ Ak buýnuzly ak maral / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Aldawçynyñ pañ-pañy / Goşgular - 18.01.2024 |
√ Was-wasylara... / Goşgular - 23.01.2024 |
√ Sokrat / Goşgular - 16.05.2024 |
√ Победителям / Goşgular - 29.02.2024 |
√ Ömrümiñ manysy bolmaly zenan / Goşgular - 05.02.2024 |
√ Düýşgowuran / Goşgular - 08.04.2024 |
√ Garaş maňa / Goşgular - 17.02.2024 |
√ Жизнь / Goşgular - 29.02.2024 |
√ Eýdip-beýdip... / edebi ýaňsylama / Goşgular - 12.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |