15:31 Nida getirdi | |
Şa Ysmaýyl HATAÝY
▶ NIDA GETIRDI Bir gün Muhammet öýde otyrka, Dört melaýyk oña nida getirdi. Selmanyñ çigninde geldi bir oglan, Yzzat bilen gözel kelam getirdi. Muhammet oglanyñ salamyn aldy, Galkyban aýaga "Aýdyber!" diýdi. Muhammet oglana ýerini berdi, Oglan geçdi namazlykda oturdy. Jebraýyl diýr: "Bu oglany bilsedik, Yzzat edip salamyny alsadyk, Üstümizde menlik baryn görsedik, Ýüzümiz oñ aýagyna sürterdi. Muhammet diýr: "Bu oglan-a Alydyr, Ynsy-jyns-u meleklerden uludyr. Hakykatyn ezizlemek ýoludyr, Jebraýyl eşidip, özün ýitirdi. | |
|
√ Göreş / Goşgular - 11.02.2024 |
√ Dostluk hakda / Goşgular - 18.02.2024 |
√ "Gitdim senden ilerledip ümzügi..." / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Hakyky şahyr / Goşgular - 08.05.2024 |
√ Salam, Türkmenistan! / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Aldawçynyñ pañ-pañy / Goşgular - 18.01.2024 |
√ Sumbaryñ kenarynda / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Owadan pyçak hakynda erteki / Goşgular - 09.04.2024 |
√ Nokat / Goşgular - 28.01.2024 |
√ Wiswisi lakamly obadaşymyň ömür beýany / Goşgular - 25.03.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |