20:43 Nobatguly Rejebowdan | |
Nobatguly Rejebow
Nobatguly, kim sen? Kim sen aslynda? Asmany ataşmy gursakdaky ot? Pýedestal bar dabanyñyñ astynda, A üstüñde haýkyryp dur eşafot! Nebir ýaşadyñ sen, nebir ýazdyñ sen, Nebir söndüñ, Ne-de alawlap ýandyñ. Ýapyşak deý gelniñ kalbynda galan -- Ne dogulýar, Ne-de ölýär talantyñ! Sen gijeler dünýäñ agysyn aglap, Gündizlerne kyldyñ şagal mesligin. Mansur Hallajy deý ölmäge gorkup Gursakda jaýladyñ betbagt maslygyñ! Jaýladyñ gursakda Arşyñ pikirin, Jaýladyñ gan aglap şahyr messebiñ. Ýanardagy ýaly atylyp bilmän, Hepbesiz ýaşadyñ, Öldüñ hepbesiz! Öldüñ hepbesiz! Melgunlar Nesimiñ hamyn sypyryp, Ony Bakylyga heýkel etdiler! Seniñ hamyñ soýman, boş söze yryp, Içiñden mazmunyñ sogrup gitdiler! Sen ölümden gorkup ýaşap bilmediñ, Sen ölümden gorkup ýazyp bilmediñ, Sen ýanyp bilmediñ Ýanardag bolup Pisada dönderlen çagy milletiñ! Bakyda şa tagty garaşyp durka Dilsiz gula öwrüldiñ sen panyda! Nobatguly, hany seniñ sapançañ? Kast eýlegil! Rehmiñ gelsin janyña! Ýurduñ alan çagy ogry-orramsy, Türkmeniñ aýrylan çagy erkinden, Alla durka, Asman durka arkañda, Ýeri, köpeý ogly gorkýarsyñ kimden?! ... Gaýta sen at alýañ, Beýgeljek bolýañ, Ýalan ýazýañ haýran edip uly ili. Nobatguly, ýaşap ýörsüñ, unutma, Gursagyñda jaýlap Nobatgulyny! | |
|
√ Победителям / Goşgular - 29.02.2024 |
√ Wiswisi lakamly obadaşymyň ömür beýany / Goşgular - 25.03.2024 |
√ Erjellik / Goşgular - 05.01.2024 |
√ Gökdepäm / Goşgular - 22.03.2024 |
√ Siziñki / Goşgular - 30.01.2024 |
√ Rubagylar / Goşgular - 13.01.2024 |
√ Geçmişden bir ahwal ýa-da Sanjar hekaýaty / Goşgular - 17.05.2024 |
√ Tazy / Goşgular - 30.01.2024 |
√ Täjir tanşyma / Goşgular - 16.01.2024 |
√ Owadan pyçak hakynda erteki / Goşgular - 09.04.2024 |
Teswirleriň ählisi: 4 | |||||
| |||||